Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Trampyň Putin bilen duşuşygy goýbolsun etmegine gynanandygyny aýdýar 


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Kreml ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen G20 sammitinde planlaşdyrylan duşuşygy goýbolsun etmegine gyanandygyny aýtdy.

"Bu gün tertibindäki möhüm halkara we ikitaraplaýyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň näbelli bir möhlete soňa goýuljagyny aňladýar” diýip, Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 30-njy noýabrda rus döwlet mediasyna aýtdy.

Ol Putiniň “öz amerikan kärdeşi bilen gatnaşyk saklamaga taýýardygyny” hem sözüne goşdy.

Tramp Argetinada hepde aýagynda geçirilýän G20 sammiti mahalyna planlaşdyrylan duşuşygy Orsýetiň ukrain gämilerini ele geçirmegi sebäpli goýbolsun edýändigini aýtdy.

Gämileriň we deňizçileriň Orsýetden Ukraina gaýtarylyp birilmändigini nazara alyp, men biziň Argentinada prezident Wladimir Putin bilen öňden planlaşdyran duşuşygymyz goýbolsun edilse, gyzyklanýan taraplaryň ählisi üçin gowy bolar diýen karara geldim” diýip,Tramp 29-njy noýabrda çap eden twitter maglumatynda aýtdy.

Men bu ýagdaý düzelen badyna gaýtadan has wajyp sammitiň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Tramp 20-ler toparynyň sammitine ugranda aýtdy.

Rus güýçleri geçen hepde ukrain gämilerini oka tutdular we Gara deňizde, Orsýet tarapyndan 2014-nji ýylda Ukrainadan bikanun anneksiýa edilen Krymyň kenarlarynda ukrain gämilerini we 24 deňizçini tussag etdiler.

Orsýet Ukrainanyň Orsýetiň esasy territoriýasy bilen Krym ýarymadasynyň aralygyndan geçmäge rugsadynyň ýokdugyny aýtdy. Ukraina öz gämileriniň deňiz kanunçylygy esasynda hereket ednedigini aýdyp, aýak depdi.

Bu hadysadan soň Ukraina käbir böleklerinde harby düzgün girizdi, ukrain prezidenti Petro Poroşenko NATO-ny, ýurdy goramaga könek etmek üçin, Azow deňzine öz gämilerini ibermäge çagyrdy.

Krymyň Orsýet tarapyndan oturdylan ýolbaşçylary 30-njy noýabrda TASS habar gullugyna, aklawçylaryň we aktiwistleriň käbiriniň 29-njy noýabrda aýdan habarlaryny tassyklap, tussag edilen ukrain deňizçileriniň Moskwa geçirilýändigini aýtdylar.

Jemil Temişew 29-njy noýabrda özüniň Moskwanyň Lefortowa türmesindäki “kärdeşleriniň” ukrain deňizçileriniň käbiriniň bu ýere getirilendigini tassyklandygyny aýtdy.

“Olar Lefertowa türmesine alnyp gidilýär” diýip, Temişew aýtdy.

Emine Awamilyewa, deňizçileri goraýn ýene bir aklawçy bolsa, ukrainalylaryň uçarly Moskwa alnyp gidilendigini aýtdy.

Aklawçylar deňizçileriň ählisiniň ýa-da käbiriniň alnyp gidilendigini aýdyp bilmediler.

Orsýetiň kontrollygyndaky Simferopol şäher sudy şu hepdäniň başynda, boşatmak baradaky halkaraçagyryşlaryna garamazdan, saklanan ukrain deňizçileriniň 15-siniň iki aýlap deslapky tussaghanada saklanylmagyny buýurdy.

Petro Poroşenko Germaniýanyň “Bild” gazetinde 29-njy noýabrda çap edilen söhbetdeşliginde ýewropa döwletleriniň has işjeň çäreleri görmeklerine, şol sanda sanksiýalary güýçlendirmeklerine we, Orsýet tarapyndan tussag edilen 24 ukrain deňizçisi bilen baglylykda, Orsýetden goranmakda harby kömek bermeklerine umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Biz NATO döwletleriniň Ukraina goldaw bermek we howpsuzlygy üpjün etmek üçin Azaow deňzine harby gämileri ibermäge taýýar bolmagyna umyt baglaýarys” diýip, Poroşenko aýtdy.

Ol rus prezidenti Wladimir Putiniň özüni “rus imperatory”, Ukrainany bolsa rus “koloniýasy” hasaplaýandygyny aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG