Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko NATO gämileriniň Azow deňzine ugradylmagyny sorady


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko NATO ýüzlenip, Russiýanyň Krymyň kenarlarynda ukrain gämilerini we ekipaž agzalaryny ele geçirenden soň, Ukrainany goramaga hemaýat bermek üçin Ýaranlygyň gämilerini Azow deňzine ýollamagyny sorady.

Germaniýanyň “Bild” neşirine beren interwýusynda Poroşenko Ýewropa döwletleriniň aktiw ädimleri ätjekdigine, şol sanda Russiýadan goranmak üçin harby hemaýaty berjekdigine we Moskwa garşy ýene sanksiýalary girizjekdigine umyt edýändigini aýtdy.

“Biz NATO döwletleriniň Ukrainany goldamak we howpsuzlygy üpjün etmek üçin öz gämilerini Azow deňzine ugratmaga taýýardygyna umyt edýäris” diýip, Poroşenko 29-njy noýabrda irden çap edilen interwýusynda belledi.

Şeýle-de, ol Poroşenko rus prezidenti Wladimir Putiniň özüni “rus imperatory” saýýandygyny we Ukrainany rus “koloniýasy” hökmünde görýändigini hem öňe sürdi.

“Onuň [Putiniň] düşünýän ýeke täk dili – Günbatar dünýäsiniň raýdaşlygy. Biz Russiýanyň agressiw syýasatyny kabul edip bilmeris. Ilki Krym, soňra gündogar Ukraina, indi hem ol Azow deňzini isleýär” diýip, Poroşenko aýtdy.

29-njy noýabrda Berlinde Nemes-ukrain ykdysady forumynyň açylyş dabarasynda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel şu hepde geçiriljek G20 sammitinde Putine gämileri we ekipažy boşatmak boýunça basyş etmegi planlaşdyrýandygyny belledi.

“Biz muny diňe birek-biregimiz bilen gepleşikleri geçirmek arkaly çözüp bileris, sebäbi bu konfliktleriň harby çözgüdi ýok” diýip, Merkel aýtdy.

Bu aralykda, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Azow deňzine harby gämileri ýerleşdirmek barada Poroşenkonyň NATO eden çagyryşyny tankyt etdi. Ol munuň “dartgynlygy has-da öjükdirmek maksatlydygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Putin harby gapma-garşylygyň Ukrainada martda geçjek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda Poroşenko üçin jemgyýetçiligiň goldawyny gazanmaga gönükdirilen emeldigini öňe sürdi.

NATO-nyň metbugat wekili Oana Lungesçu Ýaranlygyň gämileriniň Gara deňzinde yzygiderli patrullyk edýändigini we harby tälim-türgenleşikleri geçirýändigini aýdyp, regiondaky barlygyny güýçli derejede eýýäm saklaýandygyny aýtdy.

Azow deňzi Russiýanyň 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa eden Krym ýarymadasyny Ukrainanyň we Russiýanyň territoriýalaryndan bölýär. Russiýa Kerç bogazynyň üstünden kontrollygyny öňe sürüp, bu aýlagda Krym bilen Russiýany göni birikdirýän köpriniň açylyş dabarasyny maý aýynda amala aşyrdy.

Kerç bogazy Azow deňzi bilen Gara deňziniň arasynda gatnaw edýän gämiler üçin ýeke täk ugurdyr. Azow deňzinde Ukrainanyň birnäçe porty bolup, Gara deňzinde NATO-nyň harby gämileri patrullyk edýär.

Ukraina NATO-nyň hyzmatdaşy bolup, ýöne onuň agzasy däldir. NATO eýýäm “Ukrainanyň arkasynda durýandygyny” aýtdy hem-de Russiýa ukrain gämilerini we ekipažyny goýbermäge çagyryş etdi.

26-njy noýabrda NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg hem Russiýany duýduryp, “onuň hereketleriniň netijeleriniň bardygyny” aýtdy.

Russiýanyň hereketlerine jogap edip, 28-nji noýabrda Ukrainanyň käbir böleklerinde harby ýagdaýy girizen Poroşenko “Bild” neşirine beren interwýusynda Russiýanyň Ukraina garşy täze gury ýer hüjümlerini planlaşdyrýandygy barada delilleriniň bardygyny hem aýtdy.

Şeýle-de, ol özüniň bu aýdýanlaryny goldaýan, satellit arkaly alnan suratlary NATO hyzmatdaşlaryna görkezendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG