Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pariž protestleri mahalynda 133 adam ýaralandy, 412 adam tussag edildi


Pariž protestleri, 1-nji dekabr, 2018 ý.
Pariž protestleri, 1-nji dekabr, 2018 ý.

Fransiýada ýangyç salgydynyň ýokarlanmagynyň we durmuş gymmatlamagynyň üstünde turan nägilelikler mahalynda 133 adam ýaralandy, 412 adam bolsa tussag edildi diýip, Pariž polisiýasy aýtdy.

Polisiýa 1-nji dekabrdaky protestler mahalynda ýaraly bolanlaryň arasynda 23 sany polisiýa ofiseriniň hem bardygyny aýtdy.

Merkezi Parižiň käbir böleklerinde bolan zorlukly hereketleri şäheri çaýkanyndan soň tussag edilen adamlaryň 378 sanysy polisiýanyň tussaghanalarynda ýerleşdirildi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, demonstrasiýaçylaryň bir topary merkezi Parižiň köçeleriniň ortasynda barrikadalary gurup, ot ýakdylar we emläkleri zaýaladylar, ofiserleri bolsa daşladylar.

Polisiýa olara göz ýaşardyjy gaz we suw toplary bilen jogap berdi. Şäheriň merkezindäki metro satnsiýalarynyň ondan gowragy ýapyldy.

Fransuz mediasy ýurt boýunça 75 müň çemesi adamyň proteste çykandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG