Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ‘monopoliýasy ýaýbaňlanýar’, bazarlarda daýhanlar ‘çäklendirilýär’


Aşgabadyň "Mir" bazarynda satuwdaky gök-bakja önümleri. Arhiwden alnan surat.
Aşgabadyň "Mir" bazarynda satuwdaky gök-bakja önümleri. Arhiwden alnan surat.

23-nji noýabrdan başlap Aşgabadyň uly bazarlarynyň administrasiýalary öz ýetişdiren gök-bakja önümlerini bazarlara getirip, söwdegärlere satýan daýhanlaryň söwdasyna gadagançylyk girizdi. Muňa derek, bu söwda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gök-bakja önümçiligi bilen meşgullanýan firmalaryna tabşyryldy. Munuň netijesinde, bazarlardaky gök önümleriň bahalary ortaça 15-20 % aralygynda arzanlady, ýöne şol bir wagtyň özünde, gadagançylykdan täsirlenen kiçi we orta biznesiň wekilleri girdejiden kesildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 26-njy noýabrda maglumat berdi.

Häzirki wagtda bu gadagançylyk il arasynda “Orus” bazary diýlip atlandyrylýan “Gülüstan” bazarynda, “Altyn Asyr – Gündogar” bazarynda, “Mir” bazarynda hem-de paýtagtyň “Bereketli” atlandyrylýan iki bazarynda güýje girdi.

Habarçynyň sözlerine görä, agzalýan gadagançylyk ýylyň aýagyna çenli dowam eder.

“Geçen hepdäniň anna gününden bäri, bazarda söwda etmek üçin tekjeleri kärendesine alanlara özleriniň beýleki müşderilerinden getirilýän harytlary, ylaýta-da gök-önümleri almaklyga gadaganlyk girizildi” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, agzalýan gadagançylyk özleriniň gapysyndaky kiçiräk ýyladyşhanalarda dürli gök-önümleri ýetişdirýän ýekebara hojalyklara hem-de gök-bakja önümçiligi bilen meşgullanýan kiçi daýhan birleşikleriň önümlerine girizildi; bu ýagdaý olary girdejiden kesdi.

Wagtlaýyn täze düzgüne görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gök-bakja önümçiligi bilen meşgullanýan firmalary öz önümlerini bazar administrasiýasyna tabşyrýar, öz gezeginde bazar administrasiýasy tekjeleri kärendesine alýan satyjylardan şol harytlary alyp satmagy talap edýär.

Habarçy paýtagtdaky uly bazarlaryň eýeçiligi barada käbir goşmaça maglumatlary berdi:

Aşgabadyň “On ýyl abadançylyk” lomaý-söwda bazaryna hem-de şäheriň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn Asyr – Gündogar” bazaryna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binýadyndaky birnäçe firma eýeçilik edýär. “Mir” bazary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine, “Gülüstan” we “Teke” bazarlary Aşgabat şäher häkimligine degişli bolup durýar.

Azatlyk Radiosynyň agzalýan bazarlaryň administrasiýalary bilen habarlaşyp, gadagançylyk barada maglumat almak synanyşygy başa barmady.

Ýerli habarçy bilen gürrüňdeş bolan ençeme paýtagtly uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli firmalaryň önümleriniň bazarlarda peýda bolýandygyny, ýöne olaryň ozaldan kärendesine alnan tekjelerde satylman özbaşdak goşmaça tekjelerde satylýandygyny aýdýarlar.

“Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurtdaky monopoliýasy barha ýaýbaňlanýar. Ol kiçi we orta biznese goldaw bermekden geçen, olary hortumyna alyp ösdürenok, olaryň ýok bolup gitmegine, sanlarynyň azalmagyna getirýär” diýip, ýurduň söwda ulgamyndan habarly aşgabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne Birleşmäniň resmi websahypasynda onuň Türkmenistanda agzalýan biznesleri goldamaga gönükdirilendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, täze çäklendirmeden ozal bazarlarda satyjylar, meselem, pomidoryň 1 kilogramynyň bahasyny bazar administrasiýanyň görkezmesi esasynda 8-10 manatdan, almanyň kilogramyny 10-12 manatdan diýip ýazyp, degişlilikde olary, alyjy ýanlaryna gelende, 15 we 36 manada çenli ýokarlandyrýardy. Ýöne täze wagtlaýyn düzgüniň güýje girmegi bilen satyjylar ýazylan bahalary üýtgetmeýär.

“Häzir pomidoryň 1 kilogramynyň durnukly bahasy 6-8 manat aralygynda, bolgar burçlar, hiline görä 6-7 hem-de 12-14 manat aralygynda, almanyň 1 kilogramy, sortuna görä, 10-15 manat aralygynda” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, täze düzgün häzirki wagtda diňe paýtagtyň bazarlaryna degişli bolup, bu ýagdaý regionlaryň bazarlaryny öz içine almaýar.

Döwlet metbugatyna görä, 16-njy noýabrda geçiren hökümet maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda Täze ýyly mynasyp garşylamakda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň köp işleri bitirip biljekdigine ünsi çekipdir.

XS
SM
MD
LG