Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda un paýogyň möçberi azaldyldy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda azyk-haryt nobatyna duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň regionlarynda döwlete degişli dükanlarda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň möçberi ýene-de azaldyldy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy bu maglumat boýunça Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryndaky ýagdaýlary anyklady.

Onuň 27-nji noýabrda beren maglumatyna görä, mundan ozal döwlet tarapyndan ilata satylan un her adam başyna 4-5 kilograma deň bolan bolsa, indi şol her adam başyna däl-de her hojalyk başyna satylyp başlandy.

“Mysal üçin, Gubadag, Boldumsaz, Ruhubelent etraplaryndan maňa aýtmaklaryna görä, oba ýerlerinde ýerleşýän [azyk harytlary satylýan] döwlet dükanlarynda sanawlar, indi, adam sanyna görä däl-de hojalyk başyna düzülýär. Her hojalyk başyna, olaryň adam sanyna görä, 8-12 kilogram aralygynda [ýeňillikli bahadan] un satylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda döwlete degişli dükanlaryda satylýan ýerli unuň 1 kilogramynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 2 manatlygynda saklanyp galýar.

“Lebaply we maryly ýaşaýjylaryň maňa aýtmaklaryna görä, olarda-da ýagdaý şeýle, ýöne olarda her maşgala başyna 10 kilogram un berilýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Mundan ozal, 15-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň gündogar Türkmenistandaky habarçysy Türkmenabat şäherinde döwlet dükanlarynyň un satyn aljak adamlardan Öý dolandyryş edarasynyň güwahatyny talap edýändigini habar beripdi.

Türkmenistanda Öý dolandyryş edarasyndan berilýän raýatyň ýaşaýan ýeri baradaky güwahatlarda degişli öýde näçe adamyň we kimleriň ýaşaýandygy görkezilýär.

“[Döwlet dükanynyň öňünde] nobata garaşýan her bir adama 4.5 kilogram un satylýar. Her gün dükanlara 50-100 halta aralygynda un getirilýär, ýöne onuň nobatyna garaşýan adamlaryň sany azyndan 100 adam bolýar. Her dükanyň öňünde ýagdaý şeýle” diýip, azatlygyň türkmenabatly habarçysy şonda maglumat beripdi.

19-njy noýabrda Azatlygyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy hem Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda döwlete degişli azyk dükanlarynyň öňünde döreýän un-çörek nobatlaryny tassyklady.

21-nji noýabrda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň bir ýaşaýjysynyň sözlerine salgylanyp, döwlet tarapyndan ilata satylýan ýeňillikli unuň mundan beýläk her maşgala başyna 10 kilogram möçberinde satylýandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlaryndan resmi bahadan un satyn alýan serdarlylardan pasportlaryny we çagalaraynyň dogluş hakyndaky şahadatnamalaryny görkezmek talap edilip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 12-nji noýabrda paýtagtda çöregiň hususy söwda nokatlaryndaky bahasynyň 5 esse gymmatlandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy ýurtda dowam edýän un, çörek we beýleki käbir iýmit önümleriniň regionlardaky gytçylygy barada yzygiderli maglumat berip gelýär.

Oktýabryň başynda Azatlyk Radiosyna Daşoguzdan gelip gowşan wideoda un satylýan düwlet dükanyň öňünde nobata garaşýan ýüzlerçe adam görkezildi.

Ýurt içindäki habarçymyz degişli wideo boýunça kanun goraýjy edaralardaky ynamdar çeşmelerine salgylanyp, 19-njy noýabrda ýetiren goşmaça maglumatynda wideonyň Azatlykda çap edilmeginden soň, onuň awtoryny anyklamak üçin, häkimiýetleriň 3 ýüzden gowrak adamy soraga çekendigini mälim etdi.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri 18-nji noýabrda çap eden maglumatynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän bir dükanyň öňünde dörän un-çörek nobatyna 2 müňe golaý adamyň ýazylandygyny habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, häkimiýetler nobatlaryň surata düşürilmeginden ýa-da olaryň wideo ýazga alynmagyndan howatyr edip, özleriniň “dönük” atlandyrýan adamlarynyň ugruna çykýarlar.

Döwlet emeldarlary we hökümet resmileri un-çöregiň ýurtdaky gytçylygyny tassyklamaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG