Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýetip gelýän Doňuz ýyly Türkmenistandaky ‘doňuz haksyzlygyna’ ünsi çekýär


Gözenegiň aňyrsynda saklanýan doňuz.

Türkmenistanda häkimiýetler Täze ýyl baýramçylyklary bilen bagly bezeglerde doňuz şekilleriniň ulanylmagyny gadagan etdiler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Onuň sözlerine görä, geçen ýyl dükanlar oktýabr aýynda it şekilindäki oýunjaklardan, kalendarlardan we beýleki Täze ýyl bezeglerinden dolduryldy, emma bu ýyl doňuz şekilli ýekeje-de sowgatlyk ýa kalendar, plakat-beýleki satylmaýar. Şonuň bilen bir wagtda, ýurduň kanunlarynda doňuz babatda hiç bir gadaganlygyň ýokdugy aýdylýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyklaryň we dabaralary çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegini yzygiderli talap edýär we şeýle talap golaýda geçirilen hökümet maslahatynda we wideoşekilli iş maslahatynda Täze ýyl baýramçylygy babatynda hem keserdilip goýuldy.

Şeýle-de, döwlet baştutany Aşgabadyň täze ýyl bezegleriniň türkmen äheňlerinde bolmagyny tabşyrdy.

Belki-de, prezidentiň diýýän türkmen äheňleri doňuz şekilleriniň ulanylmagyny gadagan edýändir, emma mediada doňuz şekillerine garşy girizilen gadaganlyk barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Özüni demokratik, dünýewi, hukuk döwleti atlandyrýan Türkmenistanyň kanunlary raýatlary milli gelip çykyşy, dini we syýasy garaýyşlary boýunça aýry tutmaýar.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG