Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina “Germaniýadan, ýaranlaryndan” Gara deňizdäki gämileriniň sanyny artdyrmagy sorady


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko “Germaniýa we ýaranlaryna” ýüzlenip, olaryň Gara deňizdäki gämileriniň sanyny artdyrmaga çagyrdy. Poroşenko munuň Russiýa üçin “saklaýjy faktor” boljakdygyny aýtdy.

2-nji dekabrda ukrain prezidenti Germaniýanyň Funke Media Group neşirine beren interwýusynda “Russiýanyň agresiw hereketlerine berk, agzybir, çürt-kesik jogabyň berilmelidigini” aýtdy.

Ol şeýle-de, mundan birnäçe gün ozal belleýşi ýaly, Orsýetiň Ukraina bilen bolan serhedinde köp sanly ýaragly güýçlerini ýerleşdirendigini, onuň Ukrainanyň içindäki kontrollygyny giňeltmegi niýet edinýändigini aýtdy.

Ukraina Mariupol portuna tanklaryny ugratdy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:37 0:00

Ukrain prezidenti: “Orsýet Mariupoly we Berdýansky gabamak bilen okkupirlenen Donbas bilen okkupirlenen Krym aralygynda ýer koridoryny döretjek bolýar” diýip, Ukrainanyň Azow deňziniň ýakasynda ýerleşýän iki uly şäherini agzady.

25-nji noýabrda Gara deňzinde Orsýetiň we ukrain güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda Orsýetiň güýçleri Ukrainanyň harby deňiz güýçlerine ot açyp, üç sany ukrain gämisini we olaryň 24 sany ekipaž agzalaryny ele geçirdiler.

Bu waka Orsýet 2014-nji ýylda Krymy bikanun özüne birikdireli bäri Kiýew bilen Moskwanyň arasynda dowam edýän dartgynlygy artdyryp, iň ýokary derejesine ýetirdi. Şeýle hem Poroşenkonyň parlamente ýüz tutup, Ukrainanyň birnäçe regionynda 30 gün möhlet bilen harby ýagdaýy girizmegine getirdi.

Orsýet bilen Ukraina Azow deňzini Gara deňzine birikdirýän Kerç bogazyndaky çaknyşykda birek-biregi günäleýär.

Hadysanyň dowamynda Orsýet Kerç bogazyndaky ähli deňiz hereketini çäklendirdi. Kiýew Orsýetiň ukrain söwda gämileriniň Mariupola we Berdýanska baryp-gelmegine rugsat bermeýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG