Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň baýry hukuk goraýjy aktiwisti Alekseýewa 91 ýaşynda aradan çykdy


Lýudmila Alekseýewa, Berlin, 30-njy maý, 2016 ý.
Lýudmila Alekseýewa, Berlin, 30-njy maý, 2016 ý.

Adam hukuklaryny goraýjy weteran we tanymal rus oppozisioner şahsyýeti Lýudmila Alekseýewa Moskwada aradan çykdy. Ol 91 ýaşyndady.

“Ol öz ömrüniň soňky pursatlaryna çenli adam hukuklaryny goraýjy aktiwist bolup galdy, ol hakykatdanam öz dostlary üçin ýaşady. Bu adam hukuklaryny goraýjylaryň ählisi üçin agyr ýitgi” diýip, Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky adam hukuklary geňeşiniň başlygy Mihail Fedotowyň beýanatynda aýdylýar.

Ölümiň sebäbi aýdylmady, emma Adam hukuklary geňeşi onuň Moskwadaky 15-nji şäher kliniki hassahanasynda anyk aýdylmadyk näsaglyklary üçin birnäçe gezek bejergi alandygyny aýtdy.

“Bu onuň şu hassahana ilkinji gezek gelşi bolmandy, lukmanlar oňa kyn ýagdaýlarda gaýta-gaýta kömek etdiler, emma lukmanlaryň güýçsüz bolýan pursatlary hem bolýar. Şu günki bolan zat hut şol ýagdaý” diýip, geňeşiň beýanatynda aýdylýar.

Bir zaman “The Moscow Times” tarapyndan “Orsýetiň adam hukuklaryny goraýjy jemgyýetiniň matriarhy” diýlip atlandyrylan Alekseýewa hukuk kampaniýalaryna 1960-njy ýyllardan bäri gatnaşyp gelýärdi.

Bilimi boýunça arheolog bolan, emma derrew Sowet Soýuzyndan göwni geçen Alekseýewa umytly başlanan alymlyk karýerasyny terk etdi.

Rus prezident Wladimir Putin (Ç) Moskwa Helsinki toparynyň başlygy L.Alekseýewan 90 ýaşynyň dolmagy bilen gutlaýar. 20-nji iýul, 2017
Rus prezident Wladimir Putin (Ç) Moskwa Helsinki toparynyň başlygy L.Alekseýewan 90 ýaşynyň dolmagy bilen gutlaýar. 20-nji iýul, 2017

Ol sowet häkimiýetleri bilen çaknyşan dissidentleri, şol sanda sowet häkimiýetlerini daşary ýurt metbugatynda tankytlandygy üçin türmä basylan Andreý Siniýawskini we Ýuliý Daniýeli wagyz etmäge başlady.

Şeýle-de ol SSSR-de adam hukuklarynyň bozulyşyny jikme-jik beýan edýän ýerasty neşirde, “Häzirki zaman wakalarynyň hronikasy” atly “samizdat” neşirdeýaşyryn maşinistka bolup işledi.

Alekseýewa 2016-njy ýylyň maýynda Azatlyk radiosynyň Rus gullugy bilen söhbetdeşlikde dissident ýoldaşy Ýuriý Orlowyň ilkinji bolup Moskwa Helsinki toparyny döretmek pikiri bilen gelşini ýatlady.

"1976-njy ýylyň maý aýynyň başynda ol maňa telefon edip: “Lýuda, daşarda ajaýyp howa bar, Moskwanyň merkezinde gezelenç etmek isläňokmy?” diýip sorady. “Biz dostana gatnaşykdadyk, emma adatça diňe iş üçin duşuşýardyk. Men onuň özümi daşarda gürleşmek üçin çagyrýandygyna düşündim, sebäbi biziň öýlerimizdäki gürrüňler diňlenýärdi” diýip, Alekseýewa gürrüň berdi.

Olar diýlen ýerde duşuşýarlar we Orlow Sowet Soýuzynyň Helsinki ylalaşyyklarynyň çäginde öz boýnuna alan ýörelgelerini berjaý edişine gözegçilik etjek guramany döretmek planyny aýan edýär.

Sowet Soýuzy, Birleşen Ştatlar, Kanada we, Albaniýadan başga, ýewropa ýurtlarynyň ählisi bu ylalaşyklara 1975-nji ýylyň awgustynda gol çekipdi. Albaniýa oňa 1991-nji ýylda goşuldy.

Maksat kommunistler blogy bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlyklary azaltmakdan we esasy adam hukuklaryna hormat goýulmagyny üpjün etmekden ybaratdy.

Alekseýewa Orlowyň teklibini bada-bat goldaýar.

Birnäçe gün soňra, 1976-njy ýylyň 12-nji maýynda Moskwa Helsinki topary döredildi, Orlow, Alekseýewa we ondan gowrak tanymal dissident onuň esaslandyryjy agzalary boldy.

Sowet häkimiýetleri bada-bat öç aldylar. Alekseýewa toparyň diňe üç agzasynyň, şol sanda özüniň tussag edilmän galandygyny gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG