Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” dokuz owgan esgerini öldürdi


Owgan esgerleri. Arhiw suraty

Owganystanda “Talyban” jeňçileri ýurduň günbataryndaky Farah welaýatynda bir harby posta hüjüm edip, azyndan sekiz esgeri öldürdiler.

Ýerli geňeş agzasyny beren maglumatyna görä, üç sagada çeken ok atyşlykdan soň, hüjümçiler dokuz esgeri zamun alyp, sebiti terk edipdirler.

Welaýatyň polisiýa sözçüsi çaknyşykda üç jeňçiniň öldürilendigini, başga-da dördüsiniň ýaralanandygyny mälim etdi.

“Talybanyň” metbugat wekili Twitter hasabynda zamun alyndy diýilýän esgerleriň wideosyny ýerleşdirdi.

Soňky aýlarda “Talyban” owgan howpsuzlyk güýçlerine we hökümet binalaryna garşy hüjümlerini ýaýbaňlatdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG