Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studentleri: Kartlarymyzdan iki hepde bäri pul alyp bolmaýar


Illýustrasiýa suraty

Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň ençemesi türkmen banklary tarapyndan berlen plastik kartlardan indi iki hepdä golaý wagt bäri nagt pul alyp bolmaýandygyny aýdýarlar.

“Soňky iki aý bäri kartlardan diňe 15 amerikan dollaryny nagtlaşdyryp bolýardy. Soňky 10-14 gün bäri bolsa, kartlardan düýbünden peýdalanyp bolýar. Öň kartdan pul alanyňdan soň, ýene birnäçe günden gaýtadan pul alyp bolýardy. Häzir bu problemany menden başga-da ýedi türkmenistanly dostum we biz bilen söhbetdeş bolan başga-da onlarça türkmen studenti başdan geçirýär” diýip, Belarusyň Minsk şäherinde okaýan türkmenistanly student anonim şertde 14-nji dekabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, plastik kartlary beren türkmen banklaryndaky operatorlar olara dürli bankomatlarda synanyşyp görmegi we dükanlarda, söwda nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklary amal etmegi maslahat beripdirler.

Şondan soňra ol bu mesele boýunça studentleriň ençemesiniň Türkmenistandaky ene-atalarynyň türkmen banklarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenendigini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Ejemiz, kakamyz problemanyň näme bilen baglanyşyklydygyny, ony nädip çözüp boljakdygyny sorap, bankyň direktorynyň adyna hat ýazdylar. Ejem dagyň hatyna bankdan “ähli zadyň gül ýaly işleýändigi we hiç hili problemanyň ýokdugy” barada jogap gelip gowuşdy”.

Orsýetde türkmen bankynyň karty bilen bankomatdan pul çekip bolanok
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:15 0:00

Student häzirki wagt bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bolmaýandygy sebäpli studentleriň aglabasynyň öz okuw we ýaşaýyş jaý töleglerini tölemek üçin “günlükçi” bolup işleýändigini hem aýtdy.

“Olar esasan-da bazarlarda ýük daşap berýän ýa-da ýük ýükläp berýän “günlükçi” bolup işleýärler. Käbiri garbanyşhanalarda, restoranlarda kalýany taýýarlap berýän bolup işleýär” diýip, student belledi.

Şeýle-de, ol studentleriň aglabasynyň uniwersitete bergilidigini, käbir uniwersitetleriň 4-6 aýa çenli garaşýandygyny, şondan soň karzyny tölemedik studentleri okuwdan çykarýandygyny hem nygtady.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň türkmen banklary tarapyndan berlen plastik kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi barada Azatlyk Radiosyna yzygiderli maglumat gelip gowuşýar.

6-njy dekabrda Belarusyň “Euroradio.fm” radiosy hem, Minskiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini tölemekde başdan geçirýän kynçylyklary we olara Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň kömek etmeýändigi barada ýörite gepleşik taýýarlady.

Azatlyk Radiosyna 13-nji dekabrda gelip gowşan hatda bolsa, Türkiýede okaýan türkmen studentleriniň ençemesi öz bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýändigi we özleriniň munuň bilen bagly başdan geçirýän kynçylyklary barada habar berdi.

“Biz indi 20 günden bäri Visa, MasterCard plastik kartlarymyzdan nagt pul alyp bilemizok. 7-8 oglan bolup kireýine jaý alýarys. Öýlän sagat 2-den gije sagat 3-e çenli kafelerde, garbanyşhanalarda işlemeli bolýaryn. Diňe men men däl, gapdalymda bolýan türkmen doganlarym hem, kartlarynda 800-900$ pul bolsa-da, 1 cent hem çekip bilenoklar” diýip, hatda aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň resmi websaýtynda çap edilen bu hata okyjylarymyz tarapyndan birnäçe teswir gelip gowuşdy. Özüni Ýeserje diýip tanyşdyran okyjy: “Özüm türkde okaýan, pul almakda hiç hili problema ýok” diýip teswir galdyrypdyr.

Azatlyk Radiosy Türkiýede türkmen banklary tarapyndan berlen bank kartlaryndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp, Stambul we Bursa şäherlerinde okaýan türkmenistanly studentleriň ikisi bilen söhbetdeş boldy.

14-nji dekabrda anonim şertde maglumat beren studentler özleriniň bank kartyndan iň soňky gezek degişlilikde 10-12 gün öň pul alandygyny, şondan bäri kartlaryndan peýdalanyp bolmaýandygyny aýtdylar.

Häzirki wagt Türkmenistanyň plastik bank kartlary we “Western Union” halkara pul geçirmek ulgamy türkmen studentleri üçin resmi kurs arkaly manady dollara çalyşmagyň ýeke täk usullarynyň biri bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizzlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG