Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gyssagly oturdylýan ölçeýjilerden gaz syzýar


Aşgabadyň ýaşaýyş jaýynda bejeriş işleri (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda gaz ölçeýjileriň gyssagly oturdylmagy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda ölçeýji gurallar gyssagara oturdylýar we şu sebäpden işleriň hili pes bolup, bu ýagdaý gazyň syzmagy ýaly tehniki kemçiliklere getirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň bellemegine görä, şu günler ölçeýjileri oturtmak boýunça işleriň göwrüminiň ululygy sebäpli paýtagtda "Aşgabatgaz" şäher gaz edarasyndan daşary ölçeýjileriň oturdylmagyny öý dolandyryş edaralary hem amala aşyrýarlar.

Aşgabatda oturdylýan gaz ölçeýji gural
Aşgabatda oturdylýan gaz ölçeýji gural

"Il içinde ady gorgaz diýlip tutulýan Aşgabatgaz edarasy ölçeýjileri 258 manat 91 teňňelik kesgitli nyrhdan şäheriň öý hojalyk edaralaryna beripdir. Bu pula ölçeýjileriň we ony oturtmagyň bahasy girýär. Indi olary ilata öý hojalyk edaralarynyň üsti bilen satýarlar. Emma olary oturmak üçin ussalaryň ýetmezçilik edýändigi sebäpli ähli welaýatlardan gelen pes hünärli 'ussalary' çekýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, öý hojalyk edaralarynyň işgärleri ölçeýjileri satanda goşmaça puly üstüne goşýarlar, ortaça 8-20 manat aralygynda guralyň özi hem-de ony oturmak üçin. Goşmaça alnan pul ýaşaýjylara berilýän kwitansiýalarda görkezilmeýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şu günler oturdylýan ölçeýjileriň bahasy dürli ýerde çürt-kesik tapawutlanýar we käbir halatlarda resmi nyrhdan esli ýokary bolýar. ​

Gaz ölçeýji guralyň we ony oturtmagyň bahasyny kegitleýän resminamanyň nusgasy
Gaz ölçeýji guralyň we ony oturtmagyň bahasyny kegitleýän resminamanyň nusgasy

"Ilata gaz ölçeýji enjamy oturtmagyň nyrhnamasy" atly dokumentde ölçeýjiniň umumy bahasy 258.91 manat möçberde görkezilýär, oňa guralyň özi, goşmaça serişdeleriň we oturmak işleriniň nyrhy girýär.

"Adamlar hem töleýär, sebäbi ölçeýjileriň täze partiýasynyň iki esse gymmat satyljagy we ýanwar aýyndan başlap ölçeýjiniň oturdylmandygy üçin jerime salynjagy barada gürrüňler köpelýär" diýip, aşgabatly gürrüňdeşlerimiziň biri aýtdy.

Gaz üçin tölegleriň täze ýylyň başyndan ölçeýjileriň esasynda hasaplanyp başlanjagy ilata habar berildi, emma gazyň nyrhy mälim edilmedi.

Häzirki wagtda ilatdan gaz üçin alynýan töleg 2018-nji ýylyň başyndan hasaplanylýar. Gaz töleginiň mukdary gaz guralynyň her bir nokadyna bir aýda 6 manada barabar.

Şu günler Aşgabatda ölçeýjileriň köpçülikleýin we gyssagara oturdylmagy sebäpli gazyň syzmagy bilen bagly ýagdaýlar köpeldi.

“Ölçeýjileriň pes hünärli ussalar tarapyndan oturdylmagyndan soň ondan gaz syzyp çykýar, emma bu ýagdaýda ussany soň tapyp bolmaýar, öý dolandyryş edaralaryň işgärleri bolsa “04-de jaň ediň” diýip gygyrýarlar. Bu köp sanly kemçilikleri “Aşgabatgaz” edarasynyň ussalary soň düzedýärler, emma olara birnäçe sagatlap garaşýançaň aýnalary açyp jaýyň içini şemallatmaly bolýar. Meniň özüm ölçeýjini oturdanymdan soňra gazyň syzmagy bilen ýüzbe-ýüz boldum” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy gazyň syzmagy we ölçeýjileriň bahasynyň artdyrylyp satylmagy bilen bagly ýagdaý barada “Aşgabatgaz” edarasynyň özünden maglumat alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ölçeýjiler satyn alnanda olaryň guratlygyny kepil geçýän kagyzlar köplenç doldurylmaýar we şu sebäpden kemçilikleriň ýüze çykan halatlarynda munuň jogapkärçiligini hiç kim öz boýnuna almaýar. Gaz edarasynyň kemçilikli guraly çalyşmakdan ýüz öwürýän we ýaşaýjylary täze gural satyn almaga mejbur edýän ýagdaýlary köp duş gelýär.

Gaz ölçeýji guralyň guratlygyny kepil geçýän depderçeler doldurylmaýar
Gaz ölçeýji guralyň guratlygyny kepil geçýän depderçeler doldurylmaýar

​Türkmenistanda ilatyň ulanýan gazyny hasaplamak üçin gaz ölçeýjileriň köpçülikleýin oturdylmagy türkmen hökümetiniň gaz, suw we tok mugtçulygyny doly ýatyrmak kararyny yglan etmeginiň yzýany güýçlenipdi. Ýurt ilatyna gaz 1993-nji ýyldan bäri mugt berilýärdi.

Gaz ölçeýjileri oturtmak boýunça resmi çäreler bilen bir hatada häkimiýetler ilatdan gaz we suw üçin bergileriň ýygnalmagyna öz gözegçiligini güýçlendirdiler. Ýaňy-ýakynda bergili ýaşaýjylaryň sud jogapkärçiligine çekiljegi barada duýduryş berildi. Ýurtda gazyň we suwuň üpjünçiliginiň tölegli görnüşe geçilmegine gözegçilik işi Içeri işler ministrligine tabşyryldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG