Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň Senatyna ruslaryň sosial ulgamlardaky kampaniýasy barada hasabat hödürlendi


"Ýalan habarlar" illýustrasiýa suraty.

Birleşen Ştatlaryň Senaty üçin taýýarlanan iki hasabatda 2016-njy ýylda prezident saýlawlary döwründe ors operatorlarynyň amerikan saýlawçylarynyň pikirlerine täsir etmek üçin alyp baran kampaniýasy dokumentleşdirilýär.

17-nji dekabrda jemgyýetçilige ýetirilen raportlar Senatyň aňtaw komiteti üçin taýýarlanypdyr. Aňtaw komiteti prezident Donald Trampyň gazanan saýlawyna Orsýetiň nähili täsir etmäge synanyşandygy hakda derňew geçirýän Kongrese degişi möhüm komissiýalaryň biridir .

Raporty taýýarlanlar Twitter we Facebook ýaly sosial ulgamlarda çap edilen millionlarça maglumaty, YouTubedaky wideolary we Instagramda ýerleşdirilen suratlary barlapdyrlar. Bular Orsýetiň nädogry maglumalary ýaýratmak üçin peýdalanan ýokary tehnikaly enjamlar bolup durýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň sözçüsi 18-nji dekabrda hasabatlaryň dogrulygyny sorag astyna alyp, aýdylýan zatlar “bütinleý esassyz”, olary tassyklaýan maglumatlar ýok diýdi.

2017-nji ýylyň ýanwarynda Amerikanyň aňtaw jemgyýeti Moskwa Trampy Hillary Klintondan ileri tutup, ony goldapdyr, şol maksat bilen kompýuterleri haklap, ses berijileriň pikirlerine täsir etmek üçin sosial ulgamlardan peýdalanypdyr diýen netijä geldi.

Raportlaryň birinde Orsýetde Sankt Peterburgda iş alyp barýan Internet barlag agentligi atly bir kompaniýa hakda täze jikme-jik maglumatlar berilýär. Bu kompaniýa nädogry maglumatlar bilen Klintony garalamak üçin, galyp şahslaryň adyndan Facebook, Google we Twitter ýaly sosial ulgamlary ulanypdyr.

Aýdylyşyna görä, köplenç Orsýetiň “troll meýdany” diýlip tanalýan Internet barlag agentligini Kreml bilen ilteşikli telekeçi Ýewgeniý Prigožin maliýeleşdirpdir. Fewral aýynda Prigožin bilen ýene 12 adam Ýörite geňeşçi Robert Mueller tarapyndan bank işlerinde kezzaplykda, dildüwşiklikde we adamlaryň atlaryndan galp peýdalanmakda günälendiler.

“Mese-mälim zat maglumatlaryň ählisiniň Respublikan partiýasynyň, aýratyn-da, Donald Trampyň bähbidine berlendigi” diýlip, jikme-jigi ilki “The Washington Post” gazetinde çap edilen hasabatda aýdylýar.

Bu raport Oksford uniwersitetiniň “Computational Propaganda” proýekti we ulgam analizçisi “Graphika” kompaniýasy tarapyndan ýygnalyp düzülipdir.

Iki hasabaty taýýarlanlar tarapyndan gözden geçirilen sosial media maglumatlarynyň Orsýet tarapyndan goldalan mazmunlarynda konserwatiw saýlawçylary immigrasiýa we ýarag hukuklary ýaly meseleler barada öjükdirmäge synanyşylypdyr.

Kolumbia uniwersitetiniň “New Knowledge” we “Canfield Research” barlag toparlary tarapyndan taýýarlanan ikinji raport bolsa, ors operatorlarynyň afrikan-amerikan we beýleki azlyklara degişli ses berijileri nyşana almagyna gönükdirilipdir. Köpüsi Demokratlara ýykgyn edýän bu saýlawçylarda Birleşen Ştatlaryň saýlaw sistemasyna şek döretmäge we saýlawyň geçýän wagty ýaly zatlar hakda nädogry maglumatlar ýaýratmaga synanyşylypdyr.

Internet barlag agentligi “gara ýagyz toplumy nyşana alyp, giň gerimli media platformasyny döredipdir” diýlip raportda aýdylýar.

Iki hasabatda Internet barlag agentliginiň öz maglumatlaryny diňe Instagramyň, Facebook we Twitteriň üsti bilen däl, eýsem Tumblr, Pinterest, YouTube, Reddit, Vine and Google+ ýaly beýleki platformalardan-da ýaýradandygy nygtalýar.

“Internet barlag agentligi ençeme ýyllap alyp baran işleri bilen biziň jemgyýetimizdäki bölünişklerden galp peýdalanypdyr. Olar sosial närazylykdan we adamlaryň düşünjesini ýoýmakdan peýlanypdyrlar. Üç ýyldan agdyk döwrüň içinde amerikanlaryň pikirlerine täsir etmek üçin Orsýet tarapdan ulanylan aýgytly propaganda obýektiwlik taýdan hemişe nädogry bolmandyr” diýilip, “New Knowledge” hasabatynda aýdylýar.

Raportda ýene-de şeýle diýilýär: “Ol jemgyýetdäki bölünişikleri ulanmaga, hakykat bilen hyýalyň araçägini bozmaga, biziň media, hökümete, birek-birege we asyl demokratiýanyň özüne bolan ynamymyzy aradan aýyrmaga gönükdirilipdir. Kampaniýada bu maksatlaryň hemmesi täzeçil ussatlyk, giň gerim we takyklyk bilen yzarlanypdyr”.

Putiniň sözçüsi Demitriý Peskow raportlarda Birleşen Ştatlardaky sosial dartgynlyk sebäpli Orsýeti aýyplamaga synanylyşypdyr, ýöne olarda Orsýetiň bu işe garyşandygy hakda subutnama ýok diýdi.

Peskow 18-nji dekabrda žurnalistlere: “Men size ýene aýdýaryn, biz munuň bilen ýene ylalaşamzok, biz muňa bütinleý esassyz diýip garaýarys” diýdi.

Ol soňra hem amerikan saýlawlaryna “Ors döwletiniň , ors hökümetiniň hiç hili dahyly ýokdy, garyşmaklyga hem hiç hili dahyly ýok” diýip sözüniň üstüne goşdy.

Raportlarda diňe 2016-njy ýylky saýlaw döwri bilen 2017-nji ýylyň ortalaryna çenli bolan döwür aralygyndaky maglumatlar barlanypdyr. Olarda öten aý geçen aralyk Kongeres saýlawlary göz öňünde tutulmandyr.

Çet ýurtly aktýorlar tarapyndan noýabrda geçen saýlawlara täsir edilip-edilmänligi hakda Ak Tamyň tabşyrygy boýunça taýýarlanan hasabat Bireleşen Ştatlaryň kanun goraýjy güýçleri we aňtaw gulluklary tarapyndan 21-nji dekabrda çykarylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG