Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“The Economist” Ermenistany "ýylyň ýurdy" atlandyrdy


Nikol Paşiniýan maýda premýer-ministr saýlanypdy. Arhiw suraty.

“The Economist” neşiri "ýylyň ýurdy" hökmünde Ermenistany saýlady. Neşir köçe protestleriniň netijesinde häkimiýetiň parahatçylyk ýagdaýda çalyşmagy bilen Günorta Kawkaz döwletinde “demokratiýa we täzelenmäge mümkinçiligiň” dörändigini aýtdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän žurnal korrupsiýa garşy iş alyp baran ozalky žurnalist we oppozisiýa syýasatçysy Nikol Paşiniýanyň “korrupsiýa we oňaýsyzlyklara garşy nägilelikleriň tolkunynda kanuny ýagdaýda häkimiýet başyna geçendigini” belledi.

Ençeme hepdeläp dowam eden köçe protestleriniň netijesinde ýurda uzak ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eden Serž Sarkisýan häkimiýetden çetleşdirilipdi. Protestlere guramaçylyk eden Paşiniýan maýda premýer-ministr saýlanypdy.

9-njy dekabrda geçirilen irki parlament saýlawlarynda Paşiniýanyň “Meniň Ädimim” ýaranlygy sesleriň 70%-ni almagy başarypdy.

“The Economist” 2013-nji ýyldan bäri “ýylyň ýurduny” saýlaýar. Bu at 12 aýyň dowamynda iň köp özgerişleri gazanan döwlete berilýär.

XS
SM
MD
LG