Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan araçylary “Talyban” bilen geçirilýän gepleşiklere gatnaşmak üçin BAE geldi


ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad

Owgan hökümetiniň wekilleri “Talyban” bilen geçirilýän gepleşiklere gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine geldiler.

ABŞ-nyň howandarlygynda geçirilýän gepleşikler üç günläp dowam eder. Bu parahatçylyk gepleşiklerine resmi ýagdaýda girişmek üçin ädilen möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

Sişenbe güni Kabulyň baş araçysy Abdul Salam Rahimi ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad bilen Abu Dabide duşuşdy.

Owganystanyň baş dolandyryjysy Abdullah Abdullahyň metbugat wekili “Talyban” bilen owgan delegasiýasynyň arasynda ikiçäk gepleşikleri geçirmek ähtimallygynyň uludygyny” aýtdy.

“Talybanyň” metbugat-wekili Zabinullah Mujahid toparyň owgan wekilleri bilen duşuşjakdygy baradaky habarlary ret etdi.

“Talyban” ilki ABŞ-a bilen ylalaşyga gelmeýänçä, Kabul hökümeti bilen gepleşikleri geçirmekden ýüz öwrüp gelýärdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG