Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin ýadro konfliktini äsgermezçilik etmeli däldigini duýdurdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin pajygaly ýagdaýlara getirjek ýadro konfliktini äsgermezçilik etmeli däldigini aýdyp, Birleşen Ştatlary Sowuk Urşy döwrüniň ýarag ylalaşyklaryndan çykmagyny tankytlady.

Putin özüniň ýyllyk metbugat ýygnagynyň dowamynda çykyş edip, rus ykdysadyýetini pajarlaýan görnüşde suratlandyrdy. Emma, şol bir wagtda ol bu ugurda özgerilişikleriň geçirilmelidigini hem belledi.

Putin bu metbugat ýygnaklarynyň üsti bilen ruslary alada galmaga esaslaryň ýokdugyny ynandyrjak bolýar, şeýle-de ABŞ-a we galan ýurtlara dürli yşaratlary ýetirjek bolýar.

Bu ýylky konferensiýa Günbatar bilen dartynlylyklaryň ýokarlanan, şeýle-de Putiniň meşhurlyk görkezijileriniň pese gaçan döwrüne gabat geldi.

Putin ýadro urşunyň tutuş “siwilizasiýanyň ýok bolmagyna getirip biljekdigini” duýdurdy. Şol bir wagtda, Putin bu meselede akyl-paýhasyň üstün çykjakdygyna ynanýandygyny hem belledi.

Putin ABŞ-nyň 2002-nji ýylda Anti-Ballistik Raketalary Ylalaşygyndan çykyp, “strategiki deňagramlylygy” bozandygyny öňe sürdi. Ol Waşingtonyň Ýadro ýaraglary ylalaşygyndan çykmak planlarynyň hem muňa şaýatlyk edýän “bir ädim bolandygyny” aýtdy.

Mundanam başga Putin, Günbataryň Russiýa bildirýän aýyplamalaryny ýene bir gezek inkär etdi.

Ol martda Angliýada ozalky rus içalysy Sergeý Skripala we onuň gyzyna edilen nerw agentli hüjümiň arkasynda Moskwanyň durandygy baradaky aýyplamalaryň Russiýa garşy sanksiýalary girizmek üçin ulanylandygyny öňe sürdi.

“Bu Russiýa garşy nobatdaky hüjümi gurnamak üçin bir sebäp boldy” diýip, Putin çykyş etdi.

Rus prezidenti çykyşynyň dowamynda Ukrainanyň garaşsyz prawoslaw kilisesiniň esaslandyrylmagyny hem tankytlady.

Şeýle-de Putin 25-nji noýabrda Kerç bogazynda ýüze çykan hadysa ukrain hökümetiniň jogapkärdigini aýtdy. Şol wakada, Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainadan basyp alan Krym ýarymadasynyň golaýyndaky Kerç bogazynda Kiýewiň üç harby gämisini saklap, 24 deňizçisini hem tussag edipdi. Putin tussag edilen deňizçileriň ykbaly degişlilikdäki derňewiň tamamlanmagyndan soň kesgitlenjekdigini aýtdy.

Kreml Putiniň prezident hökmünde geçiren tertip boýunça 14-nji metbugat ýygnagyna rekord derejede, ýagny 1 müň 702 žurnalistiň akkreditasiýa edilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG