Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ esgerleriniň ‘agramly’ bölegini Owganystandan çykarmakçy bolýar


Owganystandaky ABŞ-ly esgerler.
Owganystandaky ABŞ-ly esgerler.

Owganystandan ABŞ-nyň esgerleriniň agramly böleginiň çykarylmagy ýurduň howpsuzlygyna täsir ýetirmez diýip, prezident Aşraf Ghaniniň metbugat wekili çykyş etdi.

Mundan öň, Birleşen Ştatlaryň habar serişdelerinde prezident Donald Trampyň Owganystandaky ABŞ-ly esgerleriň “agramly” bölegini çykarmakçy bolýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Käbir çeşmeler bu baradaky kararyň eýýäm kabul edilendigini hem aýtdylar.

“Eger-de olar Owganystandan çekilseler, munuň ýurduň howpsuzlygyna hiç hili täsiri bolmaz. Sebäbi soňky dört ýarym ýylyň dowamynda owganlar ähli gözegçiligi öz ellerine geçirdiler” diýip, Ghaniniň metbugat wekili Haroon Çakhansuri belledi.

“The Wall Street Journal” neşiri, anonim bir resmä salgylanyp, Trampyň “konflikti bes etmek boýunça netijeli çözgütleri görmek isleýändigi” barada maglumat berdi.

AFP habar agentligi, ABŞ-nyň resmilerini sitirläp, Owganystandan ABŞ-nyň esgerleriniň ‘agramly’ bölegini çykarmak baradaky kararyň eýýäm kabul edilendigini aýtdy.

“The New York Times” we CNN hem Trampyň esgerleri çykarmak baradaky karary eýýäm kabul edendigini habar berip, Owganystandan ABŞ-ly 14 müň şahsy düzümiň ýarpysynyň çykarylmagynyň mümkindigini öňe sürdüler.

Habar serişdeleri esgerleriň haçan çykarylyp başlanjakdygy barada hiç zat aýtmadylar.

Pentagon bu mesele boýunça kommentariýa bermekden saklandy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa 2001-nji ýylda Owganystana girip, “Talybany” häkimiýetden çetleşdiripdi. Mundan öň, Owganystanda gizlenýän “Al-Kaýda” toparynyň jeňçileri 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlarda terror hüjümlerini amala aşyrypdylar.

2014-nji ýylda NATO söweş güýçleriniň aglabasynyň Owganystandan çekilmeginden soň, ýerli güýçler jeňçilere garşy durmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.

ABŞ resmileri “Talyban” jeňçilerini Kabul hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine çekmek ugrunda tagalla edýärler. “Talybanyň” liderleriniň köpüsi gepleşiklere girişmekden ozal, ABŞ güýçleriniň ýurtdan çykarylmalydygyny aýdyp, şert goýdular.

Galyberse-de, mundan bir gün öň, Tramp ABŞ-nyň “ähli” esgerleriniň Siriýadan çekilýändigini yglan edip, ABŞ-ly köp harby liderlerini, kanunçykaryjylaryny we halkara ýaranlaryny haýrana galdyrypdy we gaharlaryny getiripdi.

Şeýle-de, Tramp özüniň goranmak sekretary Jim Mattisiň geljek ýylyň fewralynda wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

Işden gitmek baradaky arzasynda Mattis özüniň garaýyşlarynyň prezident Donald Trampyňky bilen “gabat gelmeýändigini” belledi.

XS
SM
MD
LG