Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň täze ýyl arçasy Merkezi Aziýada beýik bolup çykdy


Aşgabat, 18-nji dekabr, 2018

Aşgabatda dikilen täze ýyl arçasy tutuş Merkezi Aziýada iň beýik bolup çykdy.

Täzelikler neşri "Fergana" Merkezi Aziýa regionynda täze ýyl arçalarynyň ululygy boýunça 25-nji dekabrda özboluşly sanawy çap etdi. Oňa laýyklykda, Aşgabatdaky arçanyň beýikligi 38 metr. Ikinji ýerde Daşkendiň arçasy durýar onuň beýikligi 35 metr. Duşenbede 28 metrlik arça dikilipdir. Bişkekde we Astanada täze ýyl arçalarynyň beýikligi 25 metrden.

Şu ýyl Türkmen paýtagtynyň täze ýyl bezegleri milli ertekileriň stilinde berjaý edilýär. Bu talaby ýurduň prezidenti öňe sürdi.

Ozalky ýyllarda Türkmenistanyň paýtagty Merkezi Aziýada iň beýik baýdagy bilen hem tapawutlanypdy. 133 metrlik baýdaga eýe bolan Aşgabady 2011-nji ýylda Täjigistan öňürtdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG