Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan ilkinji gezek atly olimpik ýaryşyna gatnaşyp biler  


Türkmen atlary (arhiw suraty)

Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji gezek Olimpiadanyň atly ýaryşy üçin kwalifikasiýa bäsdeşligine gatnaşyp biler.

Media maglumatlaryna görä, Moskwanyň "MaximaStables" atçylyk sport klubynda 2019-18-23-nji iýun aralygynda geçiriljek kwalifikasiýa bäsdeşligi "C" toparyna girýän komandalaryň arasynda geçiriler.

Maglumatda habar berlişine Merkezi we Gündogar Ýewropa, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýygyndy komandalaryny öz içine alýan "C" toparynyň gatnaşyjylary Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin kwotany dünýä çempionatynyň ýa-da Ýewropa çempionatynyň netijesinde alyp bilýärdi.

2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiadanyň kwalifikasion sistemasyna laýyklykda "C" toparynyň gatnaşyjylary ýörite seçiş ýaryşynyň netijelerine görä kwota eýe bolup bilerler.

"C" toparyna Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň jemi 30 golaý ýurdy, şol sanda Türkmenistan girýär.

2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna 15 ýurduň komandasy gatnaşar. Türkmenistanyň atly komandasy hiç wagta Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG