Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalardan pul ýygnaýan mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary Aşgabadyň prokuraturasyna 'çagyrylýar'


Türkmenistanda Täze ýyl mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýan mekdep okuwçylary. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanda Täze ýyl mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýan mekdep okuwçylary. Illýustrasiýa suraty

Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralar üçin ene-atalardan pul ýygnaýan mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary Aşgabadyň prokuraturasyna çagyrylýar diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär. Bu maglumat paýtagtyň çagalar baglarynda ene-atalaryň Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar üçin 80 manat tölemäge mejbur edilýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Ene-atalaryň eden şikaýatlary sebäpli şäheriň mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary Aşgabadyň prokuraturasyna çagyrylýar. Bu şikaýat mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylarynyň Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabara üçin pul ýygnamak synanyşygy bilen baglanyşykly” diýip, neşir özüniň ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp, 25-nji dekabrda habar berdi.

Habarda Aýaz babanyň we Akpamygyň gatnaşmagynda geçiriljek Täze ýyl dabarasy üçin ene-atalardan 50 manat, eli gysga maşgalalardan “iň bolmanda 30 manat” ýygnalýandygy hem aýdylýar.

“Prokuraturada mekdep we çagalar baglarynyň müdirlerine öz jogapkärçiliklerini duýdurýarlar we bu ýagdaý gaýtalansa, onda olara garşy jenaýat ýa-da administratiw işiň gozgaljakdygy barada haýbat atýarlar. Bu gürrüňdeşliklere paýtagtyň “Hitrowka” sebitindäki mekdepleriň we çagalar baglarynyň ençemesiniň ýolbaşçylary çagyryldy” diýlip, neşir belleýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän maglumatlary özüniň Aşgabatdaky habarçylaryna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada Aşgabat şäher prokuraturasyndan hem maglumat alyp bolmady.

Ýöne 11-nji dekabrda Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri Aşgabadyň azyndan iki çagalar bagynda ene-atalardan çagalara alynjak sowgatlar üçin 70 manat, Aýaz babany we Akpamygy çagyrmak üçin hem 10 manat pul ýygnalýandygyny habar beripdi.

Çagalary paýtagtyň 112-nji we 108-nji çagalar baglaryna gatnaýan ene-atalaryň ençemesi “çagalar baglarynyň açyk meýdançalaryny bezemek” üçin diýlip hem her çagadan 10 manat möçberinde pul ýygnalandygyny aýdyp, çagalar bagynyň aýlyk 80 manat tölegini goşanyňda özleriniň diňe dekabrda etjek çykdajysynyň 170 manada barabar bolýandygyny belläpdi.

Şonda käbir ene-atalar talap edilýän pul serişdesini tölemäge özleriniň maddy güýjüniň ýetmejekdigini aýdyp, öz çagalaryna sowgatlary öýde taýýarlap gelmegi ýa-da şol güni çagalaryny çagalar bagyna getirmezligi hem teklip edipdirler. Ýöne çagalar baglarynyň ýolbaşçylary: “Bize-de ýokardan berlen görkezme” diýip, bu teklibi kabul etmändirler.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar üçin ene-atalardan pul ýygnamak tejribesi ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Ýöne Azatlygyň paýtagtly habarçylary bilen söhbetdeş bolan ene-atalar şu ýyl ýygnalýan pul serişdesiniň geçen ýyllardakydan birnäçe esse köpdügini gürrüň beripdiler.

22-nji noýabrda bolsa, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar üçin magaryf, saglygy saklaýyş, medeniýet işgärlerinden 10 manat, önümçilikde işleýänlerden 15 manat möçberinde pul serişdesiniň ýygnalýandygyny habar beripdi.

Soňky hepdelerde geçirilýän hökümet ýygnaklarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi birnäçe gezek tabşyrdy.

3-nji dekabrda geçirilen wideo şekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew “Täze ýyly mynasyp garşylamaga, baş şäheriň şaýollaryny we meýdançalaryny baýramçylyk keşbine girizmäge görülýän taýýarlyk işleri, öňde boljak şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler” barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG