Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan aprelde geçiriljek prezident saýlawlaryny soňa goýmagy göz öňünde tutýar


Owganystandaky parlament saýlawlarynda ses berjek zenanyň barmak yzy alynýar.

Owganystanyň saýlaw häkimiýetleri hasaba alyş işleriniň gijikdirilmegi we tehniki meseleler sebäpli 2019-njy ýylyň aprel aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan prezident saýlawlaryny soňa goýmagy göz öňünde tutýar diýip, owgan resmisi aýdýar.

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň (IEC) metbugat wekili Zabi Sadatyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 27-nji dekabrda beren maglumatyna görä, komissiýa ses berişligi soňa goýmagy maslahat etmek üçin “degişli taraplaryň ählisi” bilen duşuşyklary geçirýär. Sadat saýlawlaryň iýun aýyna çenli soňa goýulmagynyň mümkindigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Garaşsyz saýlaw komissiýanyň bu baradaky soňky karary 27-nji dekabrda yglan etjekdigini hem belledi.

Owganystanda geçiriljek prezident saýlawlary üçin dalaşgärleri hasaba almak işlerine 22-nji dekabrda başlandy we onuň 2-nji ýanwara çenli dowam etmegine garaşylýardy. Ýöne hasaba alynýan dalaşgärleriň ýetmezçiligi sebäpli bu wagt möhleti uzaldylar diýip, Sadat aýtdy.

XS
SM
MD
LG