Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda dollaryň 'gara bazardaky' nyrhy gaýtadan ýokarlandy


Türkmenistanda daşary ýurtdaky dogan-garyndaşlary üçin pul ibermek üçin bankyň öňünde nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy gaýtadan ýokarlandy. 28-nji dekabrda “gara bazaryň” söwdegärleri 1 amerikan dollaryny 18-18,2 manat aralygynda satyn alyp, 18,50-18,60 manat aralygynda hem satýarlar.

Mundan öň Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” bahasy iki hepde çemesi wagt 17 manat – 17 manat 20 teňňe aralygynda saklanypdy.

“Paýtagtyň “Älemgoşar” bazarynda dollaryň gara söwdasyny edýän söwdegärleriň aýtmagyna görä, häzirki wagt dollary satýan adamlar az bolup, ony satyn alýan adamlar köpelipdir” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri anonim şertde gürüň berdi.

Onuň sözlerine görä, söwdegärler dollaryň bahasynyň gaýtadan ýokarlanyp başlamagynyň esasy sebäpleriniň birini mundan beýläk ýurtda Western Union halkara pul ibermek hyzmatlary arkaly daşary ýurtlara amerikan dollarynda pul ugratmak isleýän raýatlar üçin dollaryň gelip çykyşyny görkezmek baradaky talabyň aradan aýrylmagy bilen düşündirýärler.

“Indi çagasy daşary ýurtda okaýan ene-atalar her aý 300 amerikan dollaryna çenli pul serişdesini amerikan dollarynda iberip bilýär. Öň raýatlardan dollaryň gelip çykyşyny subut etmek talap edilýärdi. Indi şeýle düzgün ýok. Şol sebäpli çagasyna 100 dollar bolsa-da pul ibermek üçin dollar satyn alýanlar köpeldi. Bu hem dollaryň nyrhynyň gaýtadan gymmatlamagyna sebäp bolýar” diýip, paýtagty “Älemgoşar” bazarynda dollaryň gara söwdasyny edýän söwdegärleriň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysynyň tassyklamagyna görä, gürrüňi edilýän düzgüniň ýatyrylandygy barada paýtagtyň banklarynda bildiriş asylmandyr. Emma anonim şertde maglumat beren aşgabatly bank işgärleriniň birnäçesi şeýle düzgüniň geçen hepdäniň ahyryndan güýje girendigini we raýatlaryň bu barada diňe bankda işleýän tanyş-bilişleri arkaly bilip galýandygyny aýtdy.

“8-nji noýabrda Türkmenistanyň Merkezi banky ýurtdaky banklara ýörite hat ugradyp, bu talabyň güýçden aýrylýandygyny mälim etdi. Ýöne bu karar halk köpçüligine aç-açan yglan edilmedi” diýip, jogapkär bank işgäri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda dollaryň nagt söwdasyny doly ýatyrdy. Şondan bäri ýurtda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanyp galýan mahaly, onuň “gara bazardaky” nyrhy bäş esseden hem ýokarlandy.

Ýurduň banklary ilatyň belli bir möçberdäki türkmen manadyny nagt däl görnüşde daşary ýurt walýutasyna öwürmäge mümkinçilik döretse-de, bu pul serişdesini nagtlaşdyrmak hem-de olardan nagt däl hasaplaşyklar arkaly peýdalanmak düzgünleri doly diýen ýaly çäklendirildi.

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda we Daşoguzda dollaryň “gara bazardaky” bahasy resmi kursdan tas sekiz esse gymmatlap, 27 manada ýetipdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasy galp dollar söwdasy bilen baglylykda tutulandygy aýdylýan adamlaryň uçdantutma aglap “toba edýän” pursatlaryny wagtal-wagtal görkezse-de, ýerli synçylar we ýaşaýjylar, şeýle-de Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary dollaryň “gara bazardaky” söwdasynyň aç-açan diýen ýaly amala aşyrylýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG