Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli sürüjiler ýangyç ýetmezçiliginden kösenýän wagty, döwlet metbugaty eksporta niýetlenen benzin barada habar berýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda bir ýangyç guýujy stansiýa

Gündogar Türkmenistanda ulag sürüjileriniň ýangyç ýetmezçiliginden kösenýän wagty, Türkmenistanyň döwlet metbugaty Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän ýangyjyň agramly böleginiň eksporta niýetlenendigini habar berýär.

Bu barada döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýtynda 27-nji dekabrda çap edilen habarda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýyllyk ýangyç önümçilik planynyň hötdesinden gelnendigi, önümçiligiň agramly böleginiň daşary ýurtlara eksporta niýetlenendigi habar berilýär. Habarda aýdylmagyna görä, bu ýylyň dowamynda zawotda 500 müň tonna benzin, dizel ýangyjy, mazut we garasakgyç öndürilipdir.

Habardan mälim bolşuna görä, bu zawotda öndürilýän ýangyç nebitiň çig malyndan we gaz kondensatyndan alynýar. “Dünýä bazarlarynda gaz kondensatyndan ýasalan ýeňil ýangyç önümlerine talap ýokary” diýip, döwlet metbugaty ýazýar.

Onda aýdylmagyna görä, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Naýip we Bagajanyň gazy gaýtadan işleýän desgalarynda öndürilen 250.000 tonna uglewodorod serişdeleri bilen üpjün edilipdir.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Lebap welaýatynda ýerleşýär.

Dekabryň dowamynda Azatlyk Radiosyna, hususan-da Lebap welaýatynda dowam edýän ulag ýangyjynyň gytçylygy barada habarlar gelip gowuşdy.

3-nji dekabrda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy Daşoguz we Lebap welaýatlarynda A-95 markaly benziniň ýangyç guýujy stansiýalarda düýbünden tapdyrmaýandygyny, A-80 markaly benziniň bolsa çäkli möçberde satylýandygyny habar berdi.

Azatlygyň habaryndan soň, Lebap welaýatynda A-95 markaly benziniň wagtlaýyn elýeterli bolandygy barada, ýurt içindäki habarçymyz 10-njy dekabrda maglumat berdi.

“Lebabyň benzin gytçylygy baradaky habardan soň, etraplarda bir-iki günläp A-95 markaly benzin peýda boldy. Ýöne bu uzak wagtlap dowam etmedi. Eýýäm birnäçe gün bäri A-80 markaly benzin-de, dizel ýangyjy-da ýetmezçilik edýär” diýip, Azatlygyň habarçysy şonda gürrüň berdi.

Ol Lebap welaýatynyň Kerki we Çärjew etraplaryna noýabr aýynda eden saparynda ýangyç guýujy stansiýalarda benzin nobatyna garaşýan gür ulag nobatlaryna şaýat bolandygyny gürrüň berdi.

20-nji dekabrda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky beýleki bir habarçysy A-95 markaly benziniň regionda doly täzeden satylyp başlanandygyny habar berdi, ýöne onuň sözlerine görä, A-80 markaly benziniň hem-de dizel ýangyjynyň gytçylygy heniz hem dowam edýär.

Habarçynyň aýtmagyna görä, ulag sürüjileriniň köpüsi bahalarynyň elýeterliligi sebäpli A-80 markaly benzinden ýa-da dizel ýangyjyndan peýdalanýar.

“Ýangyjyň bu görnüşleriniň gytçylygy ýag-ýangyç guýulýan stansiýalaryň işgärleriniň olary näresmi görnüşinde gymmat bahadan satmagyna alyp geldi” diýip, habarçy aýtdy.

“Dizel ýangyjynyň hakyky satuw nyrhy 1 manat 40 teňňä barabar, ýöne ony 2 manatdan satýarlar. A-80 markaly ýangyjyň hakyky satuw nyrhy 1 manat 20 teňňä deň, emma ony 1 manat 60 teňňeden satýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň Birža Täzeliklerinde daşary ýurtlaryň telekeçileriniň Türkmenistandan dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn alýandyklary habar berilýär.

Döwletiň “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýty 15-nji dekabrda Owganystandan gelen telekçileriň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan öndürilen awtobenzini we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn alandyklaryny habar berdi. Neşir, 2-nji we 8-nji dekabrlarda çap eden habarlarynda-da daşary ýurtly telekeçileriň Türkmenistanda öndürilen awtoulag ýangyçlaryny satyna alandyklaryny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG