Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýerasty kaliý ýataklarynyň ýene birinde agtaryş işlerini geçirmekçi


"Türkmengeologiýa" döwlet edarasynyň sergisi
"Türkmengeologiýa" döwlet edarasynyň sergisi

Türkmenistan ýerasty kaliý ýataklarynyň ýene biriniň barlaglaryny geçirmekçi.

Türkmenistana degişli Leýlimekan kaliý duzlarynyň ýatagynda anyklaýyş işleriniň geçirilmegi üçin tender bäsdeşligi barada bildirişiň 28-nji dekabrda "Neýtralnyň Turkmenistan" gazetinde çap edilendigini, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri ýazýar.

Maglumata görä, tendere gatnaşmak üçin 2 müň amerikan dollary möçberinde töleg etmeli.

Neşriň bellemegine görä, agzalan kaliý ýatagynyň bir bölegi Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýär, emma onuň has baý bölegi Özbegistanda ýerleşýär. Özbegistan bu ýerde kaliý zawoduny 2017-nji ýylda gurup başlapdyr.

Türkmenistan 2017-nji ýylda bahasy 1 milliard dollara barabar birinji kaliý zawoduny işe girizdi, yzýany ikinji zawodunyň gurluşygy barada yglan etdi.

Emma ýurduň ýylda 1.4 million tonna kaliý önümlerini öndürip, dünýä derejesinde kaliý öndürijileriniň we eksportýorlarynyň öňdebaryjy orunlaryň birine çykmak plany başa barmady. Türkmen mediasyna görä, kombinat göz öňünde tutulan kuwwatynyň diňe 2.3% derejesinde işleýär.

2018-nji ýylyň noýabrynda Belarusyň prezidenti Aşgabatdan Garlykdaky kombinat üçin hasaplaşmagy sorady, ondan öň iýulda Belarus Türkmenistanda guran kaliý zawody üçin möhleti geçen algysynyň 40 million dollara ýetendigini mälim edipdi.

Türkmenistanyň prezidenti Garlykdaky dag-magdanlaryny öndüriji zawodyň işinden nägiledigini aýdyp, onuň "işi bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara arbitraža degişli resminamalary taýýarlamagy we ýollamagy tabşyrdy”.

XS
SM
MD
LG