Bişkekde ýüzlerçe protestçi Gyrgyzystanda hytaýly migrantlaryň sanynyň artýandygyny aýdyp, muňa garşy demonstrasiýa geçirdiler.
Bişkegiň Merkezi Meýdançasynda 300-e golaý protestçi bikanun hytaýly migrantlaryň ýurtdan yzyna deportasiýa edilmegine, şeýle-de gyrgyz raýatlary bilen maşgala guranlara raýatlyk bermek tejribesiniň togtadylmagyna çagyrdylar.
Demonstrantlar Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýär diýilýän etniki gyrgyzlara hem öz goldawyny bildirdiler.
Awgustda BMG Hytaýyň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” milliona golaý şinjiangly musulmanyň, aglaba uýgurlaryň saklanýandygyny aýdypdy.
BMG başga-da millionlarça adamyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýändigini belläpdi.
Hytaý bu maglumatlary inkär edýär.