Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim Tramp bilen ikinji sammiti geçirmäge taýýardygyny aýtdy


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un (çepde) we Hytaýyň prezidenti Şi Jinping. Pekin. 8-nji ýanwar, 2019 ý.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un (çepde) we Hytaýyň prezidenti Şi Jinping. Pekin. 8-nji ýanwar, 2019 ý.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Hytaýyň prezidenti Şi Jinpinge ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ikinji sammiti geçirmäge taýýardygyny, şeýle-de Koreýa ýarymadasynyň denuklearizasiýa gepleşiklerinde “netijeleri gazanmak” isleýändigini aýtdy.

Kimiň bu baradaky bellikleri 10-njy ýanwarda hem Hytaý, hem-de Demirgazyk Koreýanyň habar serişdelerinde çap edildi.

Munuň öňýany, Demirgazyk Koreýanyň lideri Pekine eden iki günlük saparyndan soň, özüniň ýörite ýaraglanan otlusy bilen Phenýana ugrapdy.

Bu Kimiň soňky 10 aýyň içinde Hytaýa eden dördünji sapary boldy.

Hytaý Phenýan hökümetiniň ýeke-täk möhüm ýaranydyr.

Kim bilen Trampyň ikinji sammitiniň senesi barada hiç hili maglumat berilmedi.

Şol bir wagtda, Şi Kime Pekiniň Demirgazyk Koreýanyň Tramp bilen nobatdaky sammitini goldaýandygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG