Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli azeri žurnalisti bloggeriň azatlyga goýberilmegi üçin açlyk yglan eden aktiwistlere goşuldy


Mehman Hüseýnow
Mehman Hüseýnow

Azerbaýjanly derňewçi žurnalist Hatyja Ismaýilowa korrupsiýa garşy göreş alyp barýan bloggeriň türmeden boşadylmagyna çagyryp, açlyk yglan eden aktiwistleriň toparyna goşuldy.

Ismaýilowa bilen aktiwist Namyk Abdullaýew oppozision “Musawat” partiýasynyň Bakudaky emläginde toparlaýyn geçirilýän açlyk protestine goşuldylar diýip, žurnalist 15-nji ýanwarda “Facebook” sahypasynda ýazdy.

Beýleki dört adam, şol sanda “Musawat” partiýasynyň başlygy Tofik Ýakublu dagy ençeme gün bäri açlyk protestini geçirýärler. Olar Azerbaýjan häkimiýetlerinden Mehman Huseýnowyň, şeýle hem ýurtdaky ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap edýärler.

Ýakublu Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna beren interwiýusynda özüniň we aktiwist Natik Irsafilliniň 14-nji ýanwardan bäri nahary we suwy ret edip gelýändiklerini aýtdy.

Huseýnowyň boşadylmagy boýunça Azerbaýjanyň içinde we daşynda edilýän çagyryşlar öten aý ýene sanlyja hepdeden türmeden boşadylar diýlip garaşylýarka oňa bildirilen täze aýyplamadan soňra güýçlendi.

Huseýnow “häkimiýetleriň bir wekiline onuň saglygyna we janyna howply zorluk ulanyp, garşylyk görkezmekde” aýyplanýar.

Huseýnow birnäçe syýasy tassaglar bilen birlikde açlyk yglan etdi.

Ol ozal galp aýyplamalar bilen iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň özi we tarapdarlary bu aýyplamalar syýasy matlaply diýýärler.

Bloggeriň aklawçysy bildirilýän täze aýyplamada günäli tapylsa, Huseýnowa ýedi ýyla çenli türme tussaglygy berilmegi mümkin diýýär. Bu çaklama Azerbaýjanly we halkara hukuk goraýjy toparlaryň, Ýewropa geňeşiniň parlamentar ýygnagynyň agzalarynyň, şeýle hem “The Washington Post” gazetiniň redaksiýon toparynyň Huseýnowyň boşadylmagyna çagyrmagyna getirdi.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar köp wagt bäri höküm sürüp gelýän prezident Ylham Aliýewiň hökümetini adamlary toslama jenýat işlerinde aýyplamak bilen nebte baý ýurtda başgaça pikirlenýänleri we mediýa erkinligini bogyp ýatyrmak isleýänlikde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG