Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet edara-kärhanalary işgärleriň aýlyk haklaryny gijikdirýär


Illýustrasiýa. Türkmenistanda bankomatdan pul nagtlaşdyrmaga synanyşýan zenanlar.

Aşgabat şäherinde we Balkan welaýatynda döwlete degişli köp sanly edara-kärhanalaryň işgärleri ýanwar aýynyň aýlyk haklaryny alyp bilmeýär. Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy bular barada 5-nji fewralda giňişeýin maglumat berdi.

Aşgabadyň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň, olaryň hatarynda çagalar baglarynyň, mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň, galyberse-de medeniýet pudagyna degişli edaralaryň işgärleri ýanwar aýynyň aýlyk tölegini alyp bilmeýär. Döwlete degişli “Aşgabatgaz”, “Aşgabat agyz-suw” ýaly üpjünçilik edaralarynyň işgärleriniň hem aýlyklary gijikdirilýär.

Paýtagtly habarçy Balkan welaýatyndaky döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň hak tölegleri bilen gyzyklanandygyny aýdyp, ýangyç-energetika pudagyna degişli kärhanalarynda hem aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigini aýtdy.

Habarçy Balkan welaýatynyň administratiw merkezi bolan Balkanabat şäheriniň ençeme ýaşaýjysyna salgylanyp, “Türkmennebit” önümçilik birleşiginiň işgärleriniň hem aýlyk haklarynyň tölenilmändigini aýtdy.

“Balkan welaýatynyň beýleki döwlet edaralarynda-da, şolaryň hatarynda bilim-terbiýeçilik edaralarynda işgärleriň aýlyk haklary heniz tölenmändir” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosy aýlyklaryň gijikdirilmegi boýunça ýurduň ykdysadyýet we maliýe pudagyny öwrenýän aşgabatly hünärmen bilen 5-nji fewralda gürrüňdeş boldy.

“Türkmenistanyň zähmet kodeksine girizilen goşmaçalara laýyklykda tamam bolan aýyň aýlygy başlanýan täze aýyň 5-ne çenli berilmeli. Şondan hasap ýöredeniňde, şu gün Türkmenistanda eýeçiligine garamazdan, ýagny döwlet eýeçiligindäki kärhana bolsun, hususy kärhana bolsun, eýýäm işgärler bilen hasaplaşmaly” diýip, ýurduň maliýe pudagyny öwrenýän hünärmen aýtdy.

Türkmenistanda işgärleriň aýlyk haklary, şeýle-de döwletden kömek pullaryny alýan raýatlaryň aýlyk tölegleri hem-de pensionerleriň pensiýalary raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilýär.

Aşgabatly ykdysadyýeti öwreniji ýurduň býujetden aýlyk alýan raýatlarynyň tas 99 prosentiniň aýlyk haklarynyň plastik bank kartlaryna geçirilýändigini aýtdy.

Býujet işgärleriniň aýlyk haklaryny bank hasaplaryna geçirmek işleri Türkmenistanda soňky bäş ýyllykda tapgyrlaýyn amala aşyryldy.

Aýlyk tölegleri bank kartlara geçirmek işleriniň iň soňky tapgyry 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap pensionerlere, döwletden kömek pullaryny alýan mümkinçiligi çäkli adamlara we çagaly enelere degişli edildi.

Resmi metbugata görä, Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri dekabr aýynyň aýlyk hakyny öňünden aldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarow ýurduň ähli edara-kärhanalarynda 2018-nji ýylyň dekabr aýy üçin raýatlaryň aýlyk haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möhletinden öň tölenendigini aýtdy.

Dekabryň aýlyk haklarynyň möhletinden öň tölenmeginden hem-de bu günki gün býujet işgärleriniň aýlyk haklarynyň gijikdirilmeginden çen tutulsa, ýurduň köp sanly döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri tas 55 gün bäri aýlyksyz ýaşaýar.

Ýöne beýleki tarapdan, 7-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy býujet işgärleriniň resmi metbugatda tölenendigi aýdylýan aýlyk iş haklarynyň we beýleki tölegleriň doly ýerine ýetirilmändigini habar berdi.

Ol şonda hususan-da Mary we Lebap welaýatlarynda pensionerlere dekabr aýynda wagtyndan öň tölegiň tölenilmändigini tassyklady.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde maliýe pudagyny öwreniji hünärmen ýurtda aýlyklaryň gijikdirilmegi bilen bagly hadysanyň aýyň başynda ýüze çykýandygyny, muňa parallel ýagdaýda, adatça, dollaryň gara bazardaky bahasynyň sähel oýnaýandygyny aýtdy.

Ol bu iki ýagdaýyň arasyndaky mümkin bolan gatnaşyga ünsi çekip, ýurtda nagt puluň hökümetiň eýeçiligindedigini, raýatlaryň aýlyk tölegleri geçirilmezden ozal, döwlet emeldarlarynyň degişli maliýe serişdelerini walýutanyň gara bazaryna goýberýän bolmagynyň ahmaldygyny çaklady.

Sebäbi, onuň sözlerine görä, her sapar aýlyklaryň gijikdirilmegine aýakdaş dollaryň gara bazardaky bahasy sähel arzanlaýar.

Aşgabatly habarçy gijikdirilýän tölegleriň pensionerlere degişli däldigini belledi. Şeýle-de dollaryň gara bazardaky bahasynyň häzirki wagtda 18 manat 20 teňňeliginde saklanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG