Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bankomatlar işlemeýär; raýatlar pensiýa haklaryny, kömek pullaryny alyp bilmeýär


Türkmenistanda bankomatyň öňünde nobata duran adamlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bankomatlaryň tas ählisi işlemeýär. Indi iki gün bäri pensionerler pensiýa haklaryny, çagaly eneler we mümkinçiligi çäkli adamlar kömek pullaryny alyp bilmeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçynyň tassyklamagyna görä, 7-nji fewralda öýlän sagat 15:00-dan soň paýtagtyň bankomatlarynyň işlemeýändigi baradaky maglumat il içinde giňden ýaýrady.

“Şu gün men azyndan 25 bankomatyň ýerleşýän ýerine aýlandym. Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleýän “Senagat” bankynyň merkezi ofisinde, bu bankyň Atatürk we Oguzhan köçelerindäki şahamçalarynda, Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Türkmenistan” bankynyň merkezi ofisindei, bu bankyň “10 ýyl abadançylyk” köçesindäki şahamçalarynda, “Halkbankyň” Zelili we Görogly köçeleriniň ugrundaky we Parahat-1 etrapçasyndaky şahamçalarynda, Aşgabadyň halkara aeroportunda we Çoganlydaky halkara awtoduralgada ýerleşdirilen bankomatlar işlemeýär. Şäherdäki hemme bankomat işlemeýär diýse-de boljak” diýip, habarçy 8-nji fewralda gürrüň berdi.

Türkmenistanda pensionerleriň pensiýa haklary, çagaly eneleriň we mümkinçiligi çäkli adamlaryň kömek pullary adatça aýyň 1-den 5-ne çenli aralykda plastik bank kartlaryna geçirilýär.

Häzirki wagt şol pensiýa hakyny ýa-da kömek puluny almaga baran adamlaryň käbiri bankomada kartyny salanda, ol “hiç hili düşündiriş berilmezden” yzyna gaýtarylýar. Käbir pensionerler, çagaly eneler ýa-da maýyplar bolsa, bankomatdan kartlaryny yzyna alyp bilmeýärler.

“Bankomada plastik karty salanyňdan soňra, hiç hili operasiýa amala aşmaýar. Olaryň işlemeýändigi barada hiç ýerde bildiriş ýok. Bankomadyň ekranynda diňe “Garaşyň” diýen ýazgy peýda bolýar we ol şol durşuna ortaça 5-6 minut doňup durýar. Şondan soň plastik kartyň yzyna öwrülýär. Adatça bankomatda pul bar bolsa, bir operasiýa 2-3 minutdan uzaga çekenok. Käbir bankomatlardan bolsa, karty yzyna hem alyp bolanok. Soňra adamlar bank tarapyndan çagyrylan tehniki işgärler gelýänçä, 2 sagat, käte ondan hem garaşyp, kartyny yzyna alýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar şol tehniki işgärlerdan bu näsazlygyň sebäplerini soranda, olar ýaşaýjylara “Häzir pul hem goýarys, hemme zat düzeler” diýip, jogap berýärler. Ýöne häzire çenli bankomatlaryň işlemeýändigini, Azatlygyň habarçysy 8-nji fewralda sagat 16:00 töweregi habar berdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan "Türkmenistan” döwlet täjirçilik we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň birnäçe işgäri “tutuş paýtagt boýunça bankomatlaryň merkezleşdirilen elektron sistemasynda näsazlygyň ýüze çykandygyny we onuň haçan düzediljegi barada özlerinde hem maglumatyň ýokdugyny” aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi adamlaryň paýtagtda we ýurduň beýleki welaýatlarynda bankomatlaryň işleýşinden öň hem juda nägiledigini, ýöne tutuş şäherde bankomatlaryň hatardan çykmagy bilen bagly ýagdaýyň häzirki güne çenli ilkinji gezek ýüze çykýandygyny aýdýar.

Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändigi aýdylýan Türkmenistanda bankomatlaryň hatardan çykmagy ýa-da olarda nagt puluň ýetmezçilik etmegi bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyny ençeme gezek habar berdi.

17-nji dekabrda ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri ähli edara-kärhanalarda dekabr aýy üçin degişli tölegleriň doly geçirilendigini habar berdi. Emma Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz Aşgabatdaky we Balkandaky habarçylary bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygyny, raýatlaryň bank we bank şahamçalarynyň öňünde uly nobatlary emele getirendigini habar beripdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýurt raýatlarynyň plastik bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakda başdan geçirýän kynçylyklary barada dymyp gelýärler.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi websaýtynda çap edilen maglumata görä, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurtda jemi 2198 sany bankomat hasaba alyndy we olaryň 499 sanysy Aşgabatda ýerleşýär.

Şeýle-de, maglumatda ýurt boýunça 3 190 820 sany bank kartynyň hasaba alynandygy, olaryň 1 156 958 sanysynyň aşgabatly ýaşaýjylara berilendigi aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG