Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada "Yslam döwleti" toparyna garşy jemleýji söweşleriň alnyp barylýandygy aýdylýar


Siriýanyň Deir al-Zor welaýaty
Siriýanyň Deir al-Zor welaýaty

Siriýada ABŞ goldawynda söweşýän güýçler yrak serhediniň golaýynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň elinde galan soňky bir bölek ýeri hem yzyna almak üçin gazaply söweşe girdiler.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary topary 10-njy fewral güni irden, ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň uçarlarynyň YD toparyna zarba urmagy, jeňçi pozisiýalarynyň topa tutulmagy bilen, iki tarapda hem “agyr çaknyşyklaryň” bolandygyny habar berdi.

Bir hepdeden uzagrak wagta çeken arakesme 20 müň çemesi asuda adamyň bu ýeri terk etmegine mümkinçilik berdi.

Siriýanyň kürtleriň ýolbaşçylygyndaky demokratik güýçleri (SDG) YD-nyň söweşijilerini Siriýada elde saklaýan iň soňky territoriýasyndan hem gysyp çykarmak üçin “jemleýji söweşe” başlaýandygyny aýtdy.

SDG-nyň sözçüsi biraz soň bu söweşiň örän gazaplydygyny, sebäbi iň kän “tejribe toplan” jeňçileriň öz ellerinde galan iň soňky künjegi goraýandyklaryny aýtdy.

Iki ýyl öň YD topary Siriýada we Yrakda uly ýer böleklerini eýeleýärdi, emma olar indi gündogar Siriýanyň Deir al-Zor welaýatynda çaklaňja bir künjekde saklanyp galdy.

XS
SM
MD
LG