Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda tamdyr çöregini döwletiň kesgitlän bahasyndan satmak talap edilýär


Tamdyrda çörek bişirýan türkmen zenany. Arhiw suraty
Tamdyrda çörek bişirýan türkmen zenany. Arhiw suraty

Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satmak boýunça edilýän talap çörek söwdegärlerine hem gelip ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, geçen hepdäniň ikinji ýarymyndan başlap şäheriň “Teke” we “Älemgoşar” ýaly bazarlaryndaky çörek tekjelerinde tamdyr çöreginiň 1 manada barabardygy barada ýörite bildiriş asyldy.

“Bu bildirişiň ýüzüne resmileriň biriniň gol çekilipdir hem-de gerbli möhür basylypdyr. Bildiriş asylanda bazar administrasiýasy we beýleki şäher edaralarynyň resmileri satyjylara “Çöregi 1 manatdan artyk satsaňyz, eliňizden çörek satýan tekjäňizi alarys hem-de administratiw jeza çäresi hökmünde azyndan 400 manat möçberinde pul jerimesini salarys” diýip duýdurypdyrlar” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy çörek söwdegärleriniň ençemesine salgylanyp, 11-nji fewralda gürrüň berdi.

Aşgabadyň bazarlarynda ortaça 500 gram agramy bolan adaty tamdyr çöreginiň bahasy 3 manada, süýde ýugrulan ýa-da “süýtli çöregiň” bahasy 5 manada barabar.

Paýtagtyň “Älemgoşar” we “Teke” bazarlaryndaky söwdegärleriň ençemesi çöregiň önümçiligine sarp edilýän pul serişdesini nazara alanyňda, ony “1 manatdan satanlarynda peýda beýle-de dursun, artygy bilen zyýan çekjekdiklerini” aýdýarlar.

“Häzir Türkmenistanda öndürilen uny tapmak gaty kyn. Ony tapyp 1 kilogramyny 2 manatdan satyn alsaň-da, diňe şol undan bişirilen çöregi hiç kim satyn alanok. Sebäbi ondan bişirilen çöregiň reňki gara gök bolýar. Şonuň üçin çöregiň ýarysyny ýerli, ýarysyny daşary ýurt unundan bişirmeli bolýarys. Orsýetde öndürilen unuň 1 kilogramy hem 12 manat. Bazardaky ýeriň her 1 m2-y üçin-de günde 3 manat töleýäris. Şeýlelikde, ähli çykdajylary hasaplanymyzda diňe zyýan çekýäris” diýip, “Älemgoşar” bazarynda çörek satýan söwdegärleriň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, öňden bäri tamdyr çöregini satyn alýan adamlaryň köpüsi ýazga garamazdan, daş-töweregine göz aýlap, 5 manady goýup gidýärler. Ýöne käbir adamlar çöregi 1 manatdan satyn aljak bolýarlar. Olar oňa garşylyk görkezen söwdegärleri-de bazar administrasiýasyna şikaýat edýärler.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda paýtagtyň "Teke" we "Älemgoşar" bazarlarynyň administrasiýalaryndan kommentariýa almak başartmady.

Azatlygyň habarçysy bu talabyň netijesinde häzir çörek satýan söwdegärleriň ençemesiniň öz işini togtadandygyny, bazarlardaky çörek tekjeleriniň sanynyň hem azalandygyny aýdýar.

““Älemgoşar” bazarynda öň ortaça 12 tekjede çörek satylan bolsa, şu gün olaryň sany 6-a barabar. “Teke” bazarynda ozal 10 tekjeden çörek satylýardy, häzir ol 4-e barabar bolupdyr” diýip, habarçy 11-nji fewralda gürrüň berdi.

Türkmenistanyň paýtagtyndaky bazarlarda çörek söwdegärleri esasan welaýatlardan gelen gelin-gyzlar bolup, adatça olar paýtagtyň çetki etrapçalaryndaky howly jaýlaryň belli bir bölegini kireýine alyp, şol ýerde tamdyrda çörek bişirýärler.

“Bu diňe maňa däl, men ýaly howluda çörek bişirýän başga-da azyndan 5 adama täsir ýetirýär. Bir çörek söwdasyna ortaça 5-6 adam gatnaşýar. Bu bir çörek tekjesindäki söwda bes edilende, azyndan 5-6 maşgalanyň girdejisiniň, eklenç çeşmesiniň kesilýändigini aňladýar” diýip, “Älemgoşar” bazarynda ýerini yzyna tabşyran söwdegärleriň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda azyk harytlary yzygiderli gymmatlaýar. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda un, çörek, şeker, ösümlik ýagy, ýumurtga we towuk eti ýaly azyk önümleriniň gytçylygy hem dowam edýär.

Bu gymmatçylygyň we gytçylygyň fonunda, ýurduň paýtagtyndaky we käbir regionlaryndaky türkmen häkimiýetleri azyk harytlarynyň nyrhlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satmak boýunça tagalla edýärler.

9-njy ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde etiň söwdasyna gözegçilik güýçlenip, söwdegärlerden bahalary aşaklatmak we döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satmak talap edildi.

Geçen ýylyň 24-nji dekabrynda Azatlyk Radiosy türkmen telewideniýesiniň Aşgabadyň bazarlarynda azyk bolçulygy hakynda reportažlary taýýarlaýandygyny, munuň bilen bir wagtda söwdegärleriň öz harytlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satmaga mejbur edilýändigini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG