Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Türkmenhowaýollary’ Ýewropa gadaganlygyny aradan aýyrmak üçin ‘Lufthansa Consultingden’ ýardam alýar


“Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň uçary

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” gullugy halkara howa howpsuzlygy standartlarynyň talaplaryna gabat gelmek üçin “Lufthansa Consulting” geňeş kompaniýasyndan ýardam alýar.

“Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasy Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) talaplaryna gabat gelmek üçin özüniň howpsuzlyk standartlaryny ýokarlandyrmak maksady bilen herekete geçdi. “Lufthansa Consulting” kompaniýasy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) “Üçünji ýurduň operatorlary” (TCO) baradaky talaplaryna gabat gelmegine goldaw berer” diýlip, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň we “Lufthansa Consulting” kompaniýasynyň bilelikde çap eden metbugat beýanatynda aýdylýar.

13-nji fewralda ýaýradylan beýanatda ýakynda Türkmenistanyň milli howaýollary kompaniýasynyň Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) talaplaryny kanagatlandyrmakda kynçylyklary başdan geçirendigi we kompaniýanyň bu meselä örän çynlakaý garaýandygy bellenilýär.

“[Türkmenhowaýollary] kompaniýasy bu meselä özüniň gyssagly çäre görmelidigine düşünýär. Şol sebäpli kompaniýa bar bolan häzirki ýagdaýy öwrenmek we bu çäräniň düzediş planyny işläp taýýarlamak üçin nemes awiasiýa ekspertleri bilen hyzmatdaşlyk etmek kararyna geldi” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Geňeşçiler EASA-iň talaplary boýunça “Türkmenhowaýollarynyň” häzirki ýagdaýyna sereder. Mundanam başga, olar EASA TCO-nyň gözden geçirilen talaplaryna we çärelerine laýyklykda, netijeli we ýörite hereket shemasyny özleşdirerler diýlip, beýanatda bellenilýär.

4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy. Gadagançylygyň takyk sebäpleri mälim edilmedi.

Türkmen häkimiýetleriniň bu mesele bilen bagly ýaýradan ilkinji beýanatynda-da “Türkmenhowaýollaryna” girizilen gadagançylyk we onuň sebäpleri gös-göni aýdyňlaşdyrylmaýar.

Beýik Britaniýanyň “Gov.uk” websaýtynyň habarynda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyndan özüniň halkara howa howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini subut etmegine garaşýandygy habar berildi.

Raýat awiasiýasy boýunça ekspertleriň käbirleri Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň gadagançylygynyň çynlakaý problemadygyny, “Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa bazaryna, hatda tranzit uçuşlara gaýtadan dolanmagy üçin bir ýyldan köp wagtyň gerekdigini aýdýarlar.

“Bu örän çynlakaý mesele bolup, bu uzaga çekip biler. Sebäbi meniň ýadyma düşüşine görä, Gazagystanyň howaýollary kompaniýasynyň Ýewropanyň howa giňişligine uçmagyna onlarça ýyl gadaganlyk girizilipdi. Ençeme ýyllap degişli barlaglar geçirilenden soňra, iki ýyl öň Ýewropa Bileleşigi Gazagystanyň howaýollary kompaniýasynyň öz howa giňişligine uçuşlary amala aşyrmagyna rugsat berdi. Barlaglaryň çäginde beýlekiler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň aeroportlary, “Türkmenhowaýollarynyň” administrasiýasynyň işiniň guramaçylygy barlanar diýip çaklaýaryn” diýip, “Uçuşlaryň howpsuzlygy” boýunça gullugyň ýolbaşçysy Waleriý Şelkownikow "Nastoýaşeýee Wremýa" neşirine 5-nji fewralda beren maglumatynda aýtdy.

Uçar gatnawynyň togtadylmagy netijesinde “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabadyň üsti bilen “Heathrow” we “Birmingham” aeroportlaryndan Deli we Amritsar şäherlerine gatnawy kesildi. “The Independent” neşiri “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlarynyň ýatyrylmagynyň 5000 çemesi adama täsir ýetirendigini çaklady.

7-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna uçuşlarynyň togtadylmagy bilen bagly howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy.

Duýduryşda amerikan ilçihanasynyň işgärleriniň resmi saparlarynda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýerli we daşary ýurt uçuşlarynda uçup bilmeýändigi mälim edilýär we gadagançylygyň dessine güýje girýändigi aýdylýar.

1992-nji ýylda döredilen “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň resmi websaýtynda berlen maglumata görä, bu kompaniýanyň uçarlary arkaly ýurduň içinde günde 5000 ýolagçy uçýar. Ýerli we daşary ýurt uçuşlarynyň iksinde bolsa, her ýylda 3 milliona golaý ýolagçy sapar edýär.

“Türkmenhowaýollary” gullugynyň awiaparkynda Boeing 737, 757, 777 ýaly günbatar kompaniýalary tarapyndan öndürilen uçarlar bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG