Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Deli uçarynda ýolagçy aradan çykdy


Aşgabadyň halkara aeroporty

2-nji fewralda "Türkmenhowaýollarynyň" Aşgabatdan Delä barýan uçarynda ýolagçy ýogaldy.

Hindistana bejergi almak üçin barýan 1991-nji ýylda doglan türkmenabatly Hallyýew Ilaman insult sebäpli aradan çykypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň halkara aeroportunyň wekili 12-nji fewralda habar berdi.

Mundan öň bu hadysa barada Azatlyga Aşgabat-Deli reýsiniň ýolagçylary habar beripdi.

"Aýyň ikisine Aşgabat-Deli uçarynda 23-24 ýaşly hassa oglan ýogaldy. Uçar howada 40 minut bolupdy, ol Kabulyň üstündedi. Uçary yzyna öwürdiler we Aşgabatda gondurdylar. Ýolagçylara Delidäki howa şertler sebäpli onuň ol ýere gidip bilmejegini aýtdylar. Oglan biznes-klas bilen barýardy, ony uçardan birinji edip çykardylar, aşakda eýýäm tiz kömek garaşýardy" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan uçaryň ýolagçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hadysa sebäpli reýs 4 sagatlyk yza tesdirilipdir, şol bir wagtda-da uçaryň ýolagçylarynyň arasynda Delide öz saglygyny bejertmek üçin barýanlaryň ençemesi bolupdyr.

"Şol wagtyň dowamynda hiç kim ötünç soramady. Uçarda ählisi diýen ýaly hassalardy. Käbirler saglyk barlagyna taýýarlanyp, öňünden hiç zat iýmändi. Onkologiýa hassalary hem medisina kömegi berilmezden garaşyp oturdylar" diýip, hadysa şaýat bolan ýolagçylaryň biri Azatlyga habar berdi.

Aşgabadyň halkara aeroportunyň tertibine görä, "Türkmenhowaýollarynyň" 535-nji reýsi her şenbe güni ýerli wagt bilen ir sagat 1:55-de Delä gatnaýar.

Hindistan saglygyny daşary ýurtlarda bejertmek isleýän türkmenistanlylaryň arasynda iň meşhur ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Türkmenistanyň milli awiakompaniýasynyň hyzmatlarynyň hili dünýä derejesinde iň pesleriň arasynda agzalýar. Reýsleriň gijikdirilmegi esasy kemçilikleriň arasynda görkezilýär.

4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçarlarynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna gatnamagyny we bu ýurtlaryň üstünden geçmegini gadagan etdi. Gadagançylygyň takyk sebäpleri mälim edilmedi.

“Gov.uk” websaýtyndaky habarda häzirki wagtda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyndan özüniň halkara howa howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini subut etmegine garaşýandygyny habar berdi.

Uçar gatnawynyň ýatyrylmagy sebäpli “Türkmenhowaýollarynyň" Aşgabadyň üsti bilen “Heathrow” we “Birmingham” aeroportlaryndan Deli we Amritsar şäherlerine gatnawy kesilipdi. "Independent" neşri "Türkmenhowaýollarynyň" uçarlarynyň ýatyrylmagynyň uçar biletlerini satyn alyp Hindistanda galan 5000 çemesi adama täsir ýetirmeginiň ähtimaldygyny ýazdy.

Geçen ýylyň dekabr aýynda “Türkmenhowaýollarynyň" Fransiýa amala aşyrýan uçuşlary ýatyrylypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG