Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bangladeşiň port şäheri Çattogramda turan ýangynda sekiz adam öldi


Ýangyndan goranýan çaga. Dhaka, 2012 ý.

Bangladeşiň port şäheri Çattogramda baş-başdak gurlan wagtlaýyn jaýlaryň 200-den gowragyny öz içine alan ýangynda azyndan sekiz adam öldi diýip, häkimiýetler aýtdylar.

Ýangyn 17-nji fewral güni irden, ýaşaýjylaryň ýatan wagtynda turdy diýip, Ýangyn we Siwil goranyş gullugynyň başlygy Ali Ahmed dpa habar gullugyna aýtdy.

Ol bu hadysada 50 çemesi adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy. Häkimiýetler ýangynyň elektrik geçirijileriň näsazlygy sebäpli dörändigini aýtdylar.

Bangladeşde bolýan hadysalarda, howpsuzlyk düzgünlerine eýerilmezligi sebäpli, her ýylda ýüzlerçe adam heläk bolýar.

2013-nji ýylda paýtagt Dhakada Rana Plaza zawodynyň binasy çökende, 1 müň 100-den gowrak adam heläk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG