Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haýwanlary goraýjylar: Çoganlydaky itleri ýok etmek tabşyryldy


Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00

Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Çoganlydaky penahanada saklanýan haýwanlary ýok etmek tabşyrygynyň berlendigini habar berýärler. Olaryň sözlerine görä, öz ýiten itini gözläp, 21-nji fewralda penahana baran ýaşaýjylar şeýle buýrugyň edilmegine tötänden şaýat bolupdyr.

"Haýwanlary goraýjylar itini angardan almaga synanyşdylar, ol it köçede ýaşaýardy, emma pasporty bolup, sanjymlary edilipdi. Olara iti bermediler, şonda olar itleri şu gün ýok etmek hakynda rasiýadan berlen tabşyrygy eşidip galdylar" diýip, 22-nji fewralda Azatlygyň habarçysy haýwanlary goraýjy ýerli aktiwistlere salgylanyp habar berdi.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, olaryň ýanynda edilen bu tabşyrykda haýwanlary ýok etmek üçin 300-e golaý adamyň ugradyljagy aýdylypdyr.

Türkmenistanyň paýtagtynda it-pişikleri awlamak işini şäheriň jemagat gulluklarynyň işgärleri, şeýle-de ýörite awtoulaglar bilen aýlanýan ýörite gullugyň wekilleri amala aşyrýarlar. Olaryň köpüsi "Arassaçylyk" ýazgyly ýörite eşige geýnen adamlar.

Azatlyk ​Radiosy Çoganlyda saklanýan haýwanlaryň ýok edilmegine degişli plan baradaky maglumaty resmi çeşmelerden entek tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi. Agzalýan penahanada saklanýan itleriň we pişikleriň sany belli däl.

Penahana Aşgabadyň eteginde Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän kärhananyň territoriýasyndaky angarda ýerleşýär.

​Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan wideoda penahanada haýwanlaryň aýylganç şertlerde saklanýandygy görkezilýär.

Şol bir wagtda-da, Aşgabatda it-pişikleriň awlanmagy Türkmenistanyň hökümet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň orunbasarynyň 2013-nji ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran TS/15 nomerli, ýagny "eýesiz ykmanda it-pişikleri gündelik esasda tutmak" hakyndaky görkezmesiniň, esasynda ýerine ýetirilýär. Bu barada paýtagt häkimiýetleriniň şäher ýaşaýjylaryna geçen ýylyň awgust aýynda beren resmi jogabynda aýdylýar.

Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirligini ýaşaýjylaryň arza- şikaýatyna resmi hat bilen jogap berdi
Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirligini ýaşaýjylaryň arza- şikaýatyna resmi hat bilen jogap berdi

Azatlygyň habarçylary, Aşgabadyň ýaşaýjylary we haýwanlary goraýjylar itleriň we pişikleriň awlanýan wagtynda rehimsizliklere sezewar bolýandygy we hatda wagşylarça öldürilýändigi barada yzygiderli habar beripdi.

"Jemagat gulluklarynyň "Arassaçylyk" ýazgyly geýimdäki ganhorlary haýwanlary gören ýerinde öldürýärler. Pişikleri polietilen haltalara salyp, agyr taýaklar bilen ýençýärler ýa-da ýoluň gyrasyna urýarlar" diýip, habarçylarymyzyň biri habar beripdi.

Şol bir wagtda-da, häzirki wagtda ýerli aktiwistler haýwanlanlaryň ýok edilmegine garşy özüçe çäre görüp başlapdyr.

"Meniň tanyşym häzir "Arassaçylygyň" haýwan öldürijileriniň Akja atly brigadirini gözleýär, ol balkonuna zäher atyp, garryja pişigini ogurlapdyr. Onuň familiýasyny ýaşyrýarlar, ol Daşoguzdan gelipdir. Düýn [tanyşyma] aýtmaklaryna görä, 'pahyr aýal tanyşymdan görkýar we ol hatda işden çykyp, öýüne gaýtmak isläpdir, emma ony başga bir ýere geçiripdirler" diýip, Azatlyk Radiosy bilen 22-nji fewralda söhbetdeş bolan aşgabatly aktiwist aýtdy.

Soňky döwürde Aşgabadyň köçelerinde awlanýan haýwanlaryň arasynda öýde saklanýan we boýny bagjykly pişikler hem itler duş gelýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan jemagat edaralarynyň işgärleri it-pişikleri awlamaga özleriniň mejbur edilýändigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, her işgärden diri haýwanlaryň ýa-da olaryň maslyklarynyň belli bir sanynyň tabşyrylmagy talap edilýär. Talaby berjaý etmediklere jerime ýa-da işden kowulmak howpy abanýar.

Aşgabatda öýsüz haýwanlary awlamak boýunça çäreler şu ýylyň başyndan bäri has-da ýaýbaňlanyp yzygirderli häsiýetde amala aşyrylýar. Mundan öň şeýle çäreler köplenç döwlet baýramçylyklaryň we ýurtda geçirilýän halkara wakalarynyň öňüsyrasynda ýüze çykýardy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri haýwanlaryň awlanmagyna degişli meseläni resmi derejede agzamaýarlar.

Häkimiýetleriň Çoganlydaky penahanada saklanýan haýwanlary ýok etmek planlary baradaky habar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda öýsüz haýwanlar üçin "ýörite merkezleşdirilen keselhananyň" we penahananyň dörediljegini yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG