Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler öldürilen kreml tankytçysy Nemtsowy ýatlaýar


Orsýet, Boris Nemtsowyň hatyrasyna gurnalan ýöriş
Orsýet, Boris Nemtsowyň hatyrasyna gurnalan ýöriş

24-nji fewralda müňlerçe adam rus şäherlerinde öldürilen kreml tankytçysy, premýer-ministriň ozalky orunbasary Boris Nemtsowy ýatlaýar.

Ýygnanyşyklar Orsýetiň birnäçe şäherinde, Nemtsowyň öldürilen gününe dört ýyl dolmagyna gabatlanyp geçirilýär.

Nemtsowyň öldürilmegi halkara ýarzgarmalaryna sebäp boldy we Kremliň garşysyna çykýan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan howp-hatrlaryna ünsi çekdi.

Moskwada protestçiler Nemtsowyň portretini we “Biz Orsýeti kezzaplaraberdik, ony yzyna almagyň wagty geldi” diýen şygary göterip, ýöriş etdiler.

Demonstrasiýa gatnaşyjylaryň hasabyny ýöredýän garaşsyz topar “Akl sanawçynyň” hasaplamalaryna görä, Kremliň 1,5 km demirgazygyndaky bulwarda 10,600 çemesi adam toplandy.

Sankt Peterburgda hem ýöriş geçirildi.

"Bu ýöriş [prezident] Wladimir Putiniň garşysyna. Bu ýöriş azat we demokratik Orsýet üçin” diýip, syýasatçy Ilýa Ýaşin, Moskwadaky çäräni gurnaýyjylaryň biri ýörişden öňki wideoda aýtdy.

Kirow we Wladiwostok şäherleriniň häkimiýetleri bu hili ýöriş geçirmäge rugsat bermekden boýun towladylar.

Prezident Boris Ýeltsin döwründe premýer-ministriň orunbasary bolan Boris Nemtsow Putiniň gazaply tankytçysy bolup, başarnykly oppozisiýa hereketini gurmaga synanyşdy.

Ol 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda, Kremliň alkymyndaky köpriniň üstünde atylyp öldürildi.

Moskwa sudy 2017-nji ýylyň iýulynda Orsýetiň demirgazyk Kawkaz sebitinde ýerleşýän Çeçenistandan bolanbäş erkegiNemtsowyň ölüminde günäli tapyp, olary uzak möhletli türme tussaglyklaryna höküm etdi.

Emma Nemtsowyň garyndaşlary we ýoldaşlary onuň öldürilmeginiň has ýokary derejelerden buýrulandygyny we bu işiň arkasynda duran adam ýa adamlar anyklanyp, sud jogapkärçiligine çekilýänçä adalatyň dabarlanmajakdygyny aýdýarlar.

Mundan öňki ýokary derejeli ganhorlyklarda, şol sanda 2006-njy ýylda öldürilen derňewçi žurnalist Anna Politkowskaýanyň ölüminde bolşy ýaly, hökümet tankytçylary günäkärleriň irde-giçde jogapkärçilige çekiljegine şübheli garaýarlar, sebäbi dogruçyl derňew Moskwa goldawyndaky çeçen lideri Ramzan Kadyrowa ýakyn adamlara ýa-da Puitiniň ýakyn töweregine alyp gelýär.

XS
SM
MD
LG