Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada türkmen studenti we ony işe ýerleşdiren jogapkärçilige çekildi


Ukraina (illýustrasiýa suraty)

Türkmen banklary öz müşderileriniň ýurduň daşynda puly nagtlaşdyrmak mümkinçiliklerini çäklendirýärkä, daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri gazanjyň gözleginde bikanun ýagdaýlara duçar bolýar.

Ukrainada türkmenistanly student we ony işe ýerleşdiren Iordaniýaly jogapkärçilige çekildi.

Ukrainanyň metbugatynda 21-nji fewralda çap bolan maglumatlara görä, bu ýerde Suhomlinskiý adyndaky uniwersitetde bilim alýan Türkmenistanyň raýaty “Şawermama” atly azyk satýan nokadynda işlemegi barada gürrüň gidýär.

Habar berlişine görä, migrasion kanuny bozanlaryň ikisi-de, ýagny hem işgär, hem-de ony iş bilen üpjün eden adam Ukrainanyň Nikolaýyew oblastynyň Migrasion gullugynyň bikanun migrasiýanyň öňüni almak boýunça bölümine alnyp barylypdyr.

Ukrainanyň döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, türkmenistanly student bikanun zähmet çeken iş ýerinde ikinji gezek tutulypdyr.

Ol ýurduň kanunyny bozup, resmi düzgünde talap edilýän ýörite rugsady bolmazdan zähmet çekipdir. Şu sebäpden türkmenistanly student administratiw jogapkärçiligine çekilipdir.

Ukrain mediasyna görä, Türkmenistanyň raýatyny iş bilen üpjün eden Iordaniýanyň raýaty hem Ukrainanyň zähmet düzgünlerini bozandygy sebäpli, administratiw jogapkärçiligine çekilipdir.

Türkmenistanyň onlarça müň raýaty häzirki wagtda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar, olaryň ençemesi okuwynyň daşyndan gazanç edýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan studentleriň öz sözlerine görä, türkmenistanlylaryň ençemesi maliýe kynçylyklary başdan geçirýärler we özlerini özbaşdak üpjün etmek üçin iş gözlemäge mejbur bolýarlar.

Soňky öwürde Türkmenistan öz raýatlarynyň ýurduň daşyna pul ugratmak, şeýle-de ýurduň içinde ýatyran maliýe serişdelerini daşary ýurtlarda ulanmak mümkinçiliklerini çürt-kesik çäklendirdi. Türkmenistanyň daşary ykdysady banky öz müşderileriniň daşary ýurtlarda puly nagtlaşdyrmak mümkinçiligini 2017-nji ýyldan bäri ençeme esse azaldyp, onuň möçberini her gije-gündizde 1000 amerikan dollaryndan bir aýdan 160 amerikan dollaryna getirdi.

Şu sebäpden ýurduň daşynda bilim alýan raýatlaryň ençemesi okuwyny tölemekde we gün-görmekde kynçylyga sezewar boldy. Türkmenistanly studentleriň we media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ýaşlaryň aç galýan halatlary we gazanjyň gözleginde dürli ýagdaýlara, şol sanda bikanun ýollara baş goşýan halatlary seýrek däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG