Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Nemes kompaniýasy türkmen hökümeti bilen edýän biznes gatnaşyklaryny aýan etmeli


Human Rights Watch guramasynyň logosy
Human Rights Watch guramasynyň logosy

25-nji maý güni düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasynyň Berlindäki edarasy “Rohde & Schwarz” atly nemes kiberhowpsuzlyk firmasynyň Türkmenistan bilen gatnaşygy dogrusynda aladalaryny beýan edip, maglumat çap etdi.

“Germaniýanyň tehnologiýa kompaniýalary türkmen hökümetine satyş amala aşyrmagy göz öňünde tutup tutmaýandyklaryny jemgyýetçilige aýan etmeli. Şeýle-de olar hökümet tarapyndan satyn alnan enjamlaryň websaýtlary bloklamak hem-de adam hukuklaryny basgylap, olary yzarlamak ähtimallyklaryna garşy nähili çäre görendiklerini aýan etmeli” diýip, Human Rights Watch duşenbe güni çap eden maglumatynda aýdýar.

2018-nji ýylyň fewral aýynda Germaniýanyň “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň wise prezidentiniň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşandygy barada türkmen mediasy habar beripdi.

Guramanyň ýaýradan maglumatyna görä, ýagadaýdan habarly bir adam türkmen hökümetiniň mobil we satellit aragatnaşygy yzarlap ony [ýeri gelende] bloklamagyň ugrunda işleýändigini Human Rights Watch-a habar beripdir.

“Türkmen hökümeti ýurduň media serişdelerini gözegçilikde saklaýar, maglumaty eden-etdilikli petikleýär we tankytçylary anyklap, olary jezalandyrmak üçin aragatnaşyk ulgamlaryny yzarlaýar” diýip, halkara hukuk goraýjy guramanyň Germaniýa boýunça direktory Wenzel Mihalskiý (Wenzel Michalski) belledi.

Maglumatda aýdylmagyna görä, Human Rights Watch 2018-nji ýylyň mart aýynda “Rohde & Schwarz” kompaniýasyna, onuň şeýle tehnologiýalary Türkmenistana satmagy göz öňünde tutup tutmaýandygy bilen gyzyklanyp, hat ugradýar. Kompaniýa bu hata içalyçlyk enjamlarynyň agzalýan söwdasyny ne tassyklap, ne-de iňkär edip jogap ýollaýar. Olar jogap hatyň mazmunynda “howpsuzlyk bilen bagly ugurlarda müşderi maglumatlaryny aýan etmeýändiklerini” aýdýarlar.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň direktory Hýu Williamson (Hugh Williamson) 25-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň şeýle tehnikalary heniz satyn alyp almandygy dogrusynda takyk maglumatyň özlerinde ýokdugyny aýtdy.

Bu enjamlary türkmen hökümetiniň adam hukuklaryny basgylap, öz halkyny yzarlamak maksady bilen ulanýandygyny hukuk goraýjy guramanyň nähili ýollar arkaly anyklaýandygy barada berlen soraga Williamson Türkmenistanyň maglumaty çäklendirýändigi barada anyk subutnamalaryň bardygyny aýtdy.

“Türkmen hökümetiniň şeýle enjamlary hem içalyçylyk maksady bilen hem-de internetiň elýeterliligini, sosial mediany we aragatnaşygyň beýleki görnüşlerini petiklemek üçin ulanýandygy barada anyk subutnamalar bar. Türkmenistan tehnologiýany ulanyp, öz raýatlarynyň daşky dünýä bilen aragatnaşygy kesmekde iň ýaramaz ýurtlaryň hataryndadyr” diýip, Williamson belledi.

Ol özleriniň esasy aladalary barada-da maglumat berdi:

“[Biz] türkmen döwlet mediasynyň habarlaryna görä fewral aýynda prezident Berdimuhamedow bilen duşuşan “Rohde & Scwarz” kompaniýasynyň kiberhowpsuzlyk boýunça enjamlarynyň Türkmenistana eksport edilmegi we olaryň ýurtaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny tankyt edýän adamlara garşy ulanylmagyndan howatyrlanýarys” diýip, Hýu Williamson aýtdy.

Şeýle-de ol gürrüňdeşlikde agzalýan kompaniýanyň Türkmenistan bilen bagly söwda gatnaşyklary boýunça aç-açan hereket etmeýändigini, bu ýagdaýyň BMG-niň Adam hukuklary babatdaky talaplaryna gabat gelmeýändigini aýtdy.

Hukuk goraýjy guramanyň çap eden maglumatynda türkmen hökümetiniň ýurtda metbugat we media serişdeleriniň ählisine gözegçilik edýändigi, daşary ýurt media guramalarynyň ýurduň içinde köplenç halatda eleýterli däldigi, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň websaýtynyň we ýaýlymlarynyň ýurtda petiklenýändigi, şeýle-de bu media serişdesi bilen hyzmatdaşlyk edýän habarçylaryň yzarlanýandygy agzalyp geçilýär.

“Germaniýanyň hökümeti nemes kompaniýalarynyň türkmen hökümetiniň tankytçylary yzarlap olary jezalandyrmak işlerine ýa-da onuň bikanun ýagdaýda maglumaty petiklemegine goşulmaýandygyna kepil geçmeli” diýip, guramanyň maglumatynda aýdylýar.

Mundan ozal, Beýik Britaniýanyň parlamentiniň agzasy Loýd Rassel Moýl (Lloyd Russell-Moyle) 7-nji martda ýurduň abraýly neşiri The Independent gazetinde çap eden makalasynda britan hökümetini Türkmenistan ýaly awtoritar häsiýetde dolandyrylýan ýurtlara internet içalyçylyk enjamlaryny satmazlyk boýunça britan kompaniýalaryna gözegçilik etmäge çagyryş edipdi.

Maglumat üçin aýdylsa, “Rohde & Scwarz” kompaniýasy mundan ozal türkmen hökümeti bilen Türkmenistanyň täze telewizion diňini enjamlaşdyrmakda hyzmatdaşlyk edipdi.

XS
SM
MD
LG