Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Ýewropa, Hytaý, Russiýa Hindistan bilen Pakistany parahatlygy saklamaga çagyrýarlar


Pakistan hindistanly tussag edilen pilotdygy aýdylýan şahsyýetiň suratyny çap etdi.
Pakistan hindistanly tussag edilen pilotdygy aýdylýan şahsyýetiň suratyny çap etdi.

ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Hytaý we Russiýa ýadro ýaraglaryna eýe Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky soňky ýyllaryň dowamynda iň ýiti krizisiň kontroldan çykmagyna alada bildirdiler.

Pentagonyň beren maglumatyna görä, goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahan “dartgynlylygy gowşatmak, şeýle-de ýurtlaryň harby hereketlerden saklanmagy” ugrunda tagalla edýär.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini Hindistan bilen Pakistany “sabyrlylygy” saklamaga çagyrdy.

“Munuň bu iki döwlet we region üçin howply netijeleri bolup biler” diýip, Mogherini belledi.

Pakistanyň ýakyn ýaranlarynyň biri Hytaý gazaplylygyň artmagyna “düýpli alada” bildirip, Yslamabat bilen Nýu-Deliniň “ýagdaýlaryň has-da ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin öz üstlerine alan borçnamalaryny ýerine ýetirjekdiklerine” umyt edýändigini aýtdy.

Russiýa-da parahatlyga çagyryp, araçy bolmagy teklip etdi.

Iki ýurduň arasyndaky ýagdaýlar, esasan, Gimalaýlardaky dawaly Kaşmir sebiti sebäpli dartgynlaşyp başlapdy.

27-nji fewralda hem Hindistan, hem-de Pakistan birek-bireginiň uçarlaryny urup düşürendiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG