Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edara-kärhanalarda mart aýy üçin “çäreçileriň topary” düzülýär


Mejbury çäreçiler

Aşgabadyň döwlet edara-kärhanalarynda, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda mart aýynda geçiriljek köpçülikleýin çärelerine mejbury-meýletin ýagdaýda gatnaşjak işgärdir talyplaryň sanawlary düzülip başlandy.

“Edaramyzda her aýda geçiriljek tomaşalara gatnaşjak ‘çäreçileriň topary’ diýlip atlandyrylýan sanaw düzülýär. Şol topara, adatça, 50 adam girizilýär. Soňra, olar tutuş aýyň dowamynda geçiriljek çärelere gatnamaly edilýär” diýip, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň atlandyrylmasyzlygyny soran bir işgäri Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine sözlerine görä, häzir, esasan, ýazky at çapyşyk möwsümi we Nowruz baýramy bilen baglylykdaky geçiriljek çärelere taýýarlyklar görülýär, degişli görkezmeler berilýär we pul serişdeleri ýygnalýar.

Şeýle ýagdaýlaryň bardygyny Türkmen politehniki institutynyň mugallymlarynyň biri hem tassyklaýar.

“Men 10 töweregi talyba ýolbaşçylyk edip, Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda hepde soňunda geçiriljek at çapyşyklara tomaşaçy bolup gitmeli. Resmi çäre ir sagat 09:00-da başlansa-da, biz daňdan 06:00-da eýýäm kesgitlenen ýerde toplanaýmaly. Studentler talyp eşiginde bolmaly. Soňra bizi ýörite awtobuslar bilen topluma äkidýärler” diýip, anonim ýagdaýda maglumat beren mugallym gürrüň berdi.

Ol geçen ýylky tejribelerini nazarda tutup, “asyl kösençlikleriň” şondan soň başlanýandygyny belledi.

“Sen kesgitlenen ýeriňden bytnamaly däl. Birinji hatarda ýaşulular, soňra talyplar, soňra-da döwlet işgärleri oturdylýar. Zerur hajatlaryň bilen hajathana gitjek bolsaň-da, aýlanyp ýören howpsuzlyk işgärlerinden rugsat almaly. Azyk, suw.. hiç zat göz öňünde tutulmaýar” diýip, 40 ýaşlaryndaky mugallym geçen ýylda başdan geçiren tejribelerini ýatlady.

Onuň bellemegine görä, resmi at çapyşyk çäresi öýlän sagat 12:00-de gutarýar. Emma, ilki ýörite awtobus bilen eltilen tomaşaçylar, soňy bilen yzyna özleri aşmaly bolýarlar.

Bu aralykda, 21-nji martda bellenilýän Nowruz baýramy bilen ilteşikli çärelere gatnaşjak býujet işgärleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň sanawlary hem düzülip başlandy. Mundanam başga, “Nowruz ýaýlasy” diýlip atlandyrylýan meýdançada dikiljek ak öýleri üçin-de pul serişdeleri toplanýar.

“Her ministrlige degişli edara bir ak öýi dikmek tabşyrylýar. Onuň üçin her edaradan 600 manat toplanýar. Işgärlerden ýygnalýan puluň möçberi üýtgeýär. Mysal üçin, geçen ýyl bu işler üçin meniň aýlygymdan 15 manat, beýleki bir edarada işleýän gelinimden 20 manat tutup galdylar” diýip, Demir ýol ulaglary ministrliginiň işgäri gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlislerinde köpçülik çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde, uly türkmen toýy görnüşinde geçirilmegini talap edýär we medeniýete gözegçilik edýän wise-premýer her aýda geçiriljek çäreler, olara görülýän taýýarlyk barada ýörite hasabat berýär. Şonuň bilen bir wagtda, bu çärelere näçe döwlet serişdesiniň harçlanýandygy, çäre wagtynda ejir çekýän adamlar barada maglumat berilmeýär.

Galyberse-de, şu ýylyň başynda Berdimuhamedow üstünlikleri wagyz etmek, uludan tutulýan dabara-şowhunlary dowam etdirmek maksady bilen 2019-njy ýylda geçiriljek çäreleriň planyny tassyklapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG