Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hindistan, Pakistan Kaşmirde artilleriýa toplaryny atýarlar


Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan sebitiniň ýaşaýjylary Pakistanyň atandygyny aýdýan topuny görkezýärler.

Hindistan we Pakistan Gimalaýlardaky dawaly Kaşmir sebitinde artilleriýa toplaryny atmaklaryny dowam etdirdiler. Iki tarap-da ganly atyşygy başlatmakda birek-biregini aýyplaýar.

Hindi polisiýasynyň beren maglumatyna görä, pakistanly esgerleriň atan topy netijesinde, sebiti ikä bölýän araçägiň golaýynda, Poonç sebitiniň Krişna Ghani sektorynda 24 ýaşly bir eje iki çagasy, ýagny bäş ýaşly ogly we dokuz aýlyk gyzy bilen heläk bolupdyr.

Şol bir wagtda, pakistan resmileri hindi güýçlerini serhet araçäginiň golaýynda ýerleşen obalary agyr ýaraglar bilen “saýgarmazdan topa tutmakda”, şeýle-de bir oglany öldürmekde, başga-da üç adamy ýaralamakda aýypladylar.

Pakistan tarapy hindileriň artilleriýa toplaryna “degişli” jogabyň berilýändigini aýdýar.

Hindi harbylary bolsa, özleriniň gaýtawul berýändiklerini aýdýarlar.

Bu aralykda, Pakistan tarapyndan azat edilen hindi piloty Abhinandan Warthaman öz ýurduna dolandy. Warthamanyň harby uçary dawaly Kaşmir sebitiniň üstünde urlupdy. Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan pilotyň azat edilmegini “parahatçylyk yşaraty” diýip häsiýetlendirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG