Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horwat žurnalistleri ýanamalaryň bes edilmegine çagyrýar


Horwat žurnalistler birleşiginiň başlygy Hrvoje Zowko

Birnäçe ýüz horwat žurnalisti paýtagt Zagrebde toplanyp, metbugat azatlygynyň gysylmagyna we žurnalistlere basyş edilmegine garşy protest bildirdi.

2-nji martdaky ýygnanyşyk Horwat žurnalistler birleşigi tarapyndan, ýurtda žurnalistlere we metbugat guramalaryna garşy açylan 1 müň 1 ýüzden gowrak jenaýat işine garşy protest bildirmek üçin gurnaldy.

Protestçiler Zagrebiň merkezinden jürlewük çalyp, deprek kakyp, ýöriş etdiler.

"Žurnalistleri ýanamagy bes etmeli... Bu onlarça ýyllap dowam etdi” diýip, Horwat žurnalistler birleşiginiň başlygy Hrvoje Zowko ýygnananlara ýüzlenip aýtdy.

Zowko hökümeti “gödeklikde... we žurnalizmi weýran etmekde” aýyplady.

"Biz adamyň dogry maglumaty çap edendigi üçin ýazgarylyp bilýän ýurdunda ýaşaýarys” diýip, ol aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG