Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnara Kerimowany “türmä ýerleşdirmek barada karar çykaryldy”


Gülnara Kerimowa
Gülnara Kerimowa

Özbegistanda sud ýurduň ozalky prezidenti Islam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowany öý tussaglygynyň şertlerini bozmakda günäli tapyp, ony türmä ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Bu barada Özbegistanyň baş prokurory maglumat berdi.

Kerimowanyň ady döwletara korrupsiýa derňewinde agzalmazyndan ozal, oňa belli bir döwürde prezidentiň mümkin mirasdüşeri hökmünde garalýardy.

Daşkendiň Ýaşanabad etrap sudunyň beýanatyna görä, sud Içeri işler ministrligiň Kerimowa babatyndaky arzasyny makullapdyr. Indi Kerimowa bäş ýyllyk öý tussaglygynyň galan möhletini türme koloniýasynda geçirmeli bolar.

Bu maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Azatlyk Radiosynyň Kerimowanyň şwesiýaly aklawçysy bilen habarlaşmak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

Kerimowanyň gyzy Iman özüniň Instagram hasabynda ejesiniň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan alnyp barylýandygyny görkezýändigini alamatlandyrýan öçügsi, solgun suratlary çap etdi.

XS
SM
MD
LG