Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Russiýanyň S-400 ulgamyny satyn aljakdygyny aýdýar


Rus habar serişdeleri Türkiýäniň umumy bahasy 2,5 milliard dollarlyk S-400 ulgamyny satyn almakçy bolýandygy barada maglumat berýärler.
Rus habar serişdeleri Türkiýäniň umumy bahasy 2,5 milliard dollarlyk S-400 ulgamyny satyn almakçy bolýandygy barada maglumat berýärler.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Waşingtonyň bu ugurdaky garşylygyna garamazdan, Russiýadan S-400 kysymly howa hüjüminden goranyş ulgamyny satyn aljakdygyny aýtdy.

“S-400 barada aýdylanda, ylalaşyk eýýäm baglaşyldy, ondan ýüz öwürmek barada gürrüň edilmeýär... S-400-den soň, biz belki-de S-500 barada hem gürrüň ederis” diýip, Erdogan 6-njy martda telewideniýede çykyş etdi.

5-nji martda ABŞ-nyň Döwlet Departamenti TürkiýäRussiýanyň howa hüjüminden goranyş ulgamyny almazlygy ýene bir gezek duýdurdy. Waşington munuň netijesinde Ankarany ýokary derejeli F-35 harby uçar programmasyndan mahrum edip biljekdigini aýtdy.

ABŞ S-400 ulgamynyň NATO ýaraglary bilen utgaşmaýandygyny, şeýle-de munuň Russiýanyň Ýaranlygy dargatmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde amal edilýändigini nygtap gelýär.

“Biz eger-de Türkiýe S-400-i edinse, onda Türkiýäniň F-35 progammasyna gatnaşdyrylmagyna we ýakyn geljekde Türkiýä ýaraglaryň iberilmek mümkinçiligine täzeden garaljakdygyny açyk duýdurdyk” diýip, Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Robert Palladino aýtdy.

ABŞ özüniň soňky, bäşinji nesil F-35 kysymly harby uçarlarynyň 100 sanysyny Türkiýä satmak barada ylalaşypdy. Emma, häzire çenli uçarlaryň diňe ikisi iberildi. Geçen ýyl ABŞ-nyň kongresi nobatdaky ibermeleri togtatmak barada karar çykarypdy.

Mundanam başga, Waşington Türkiýä ABŞ-nyň Patriot kysymly howa hüjüminden goranyş ulgamyny satmak baradaky kararyna hem täzeden garap biljekdigini duýdurdy.

Rus habar serişdeleri Türkiýäniň umumy bahasy 2,5 milliard dollarlyk S-400 ulgamyny satyn almakçy bolýandygy barada maglumat berýärler.

Ankara S-400 üçin esli puluň tölenendgini aýdyp, howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň noýabrda gelip başlamagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG