Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 223 zenana ‘Ene mähri’ ordeni gowşuruldy


Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen çärä gatnaşan zenanlar. Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň websaýtyndan alnan surat.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen çärä gatnaşan zenanlar. Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň websaýtyndan alnan surat.

8-nji martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady we bu sene mynasybetli welaýat merkezlerinde hem-de Aşgabatda dürli dabaralar geçirilip, sekiz we ondan-da köp çagaly enelere “Ene mähri” atly orden gowşuryldy.

Mundan bir gün öň, 7-nji martda türkmen lideri sekiz we ondan-da köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň onlarçasyna “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky permana gol çekdi.

8-nji martda “Türkmenistan” gazetinde çap edilen maglumata görä, şeýle at zenanlaryň 223 sanysyna dakylyp, olaryň 184 sanysy öý hojalykçy zenandyr.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň habarynda aýdylmagyna görä, ýurduň Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilen baýramçylyk dabaralarynda bu at dakylan enelere “Ene mähri” atly orden gowşuruldy.

Şeýle-de, habarda “köp çagaly maşgalalara döwrebap öýleriň açarlarynyň gowşurylandygy” hem aýdylýar. Ýöne bu jaýlaryň sekiz we ondan-da köp çagany dünýä inderen eneleriň ählisine berilýändigi ýa-da berilmeýändigi aýdyňlaşdyrmaýar.

2008-nji ýylda prezident G.Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan “Ene mähri” diýen hormatly at dakylan enelere iň pes aýlygyň on essesi möçberinde pul sylagy hem berilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bu hormatly ada mynasyp bolan eneleriň jaý bilen üpjünçiligi, köp çagaly enelere medisina kömegini bermek ýaly bir topar ýeňillik we kömek göz öňünde tutulýar.

Emma ýerli synçylaryň, ýaşaýjylaryň ençemesi ýokarda agzalan pul sowgadynyň we medisina kömeginiň diňe bir gezeklik göz öňünde tutulandygyny, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň hem köp çagaly eneleriň ählisine gowşurylmaýandygyny aýdýarlar.

“Aşgabatda we regionlarda, hususan-da Daşoguz welaýatynda sekiz ýa-da ondan-da köp çagaly maşgalalaryň ençemesi iki-üç otagly jaýlarda mydar edip ýaşaýarlar. Galyberse-de, olara döwlet tarapyndan, beýleki enelerden tapawutlylykda, goşmaça maliýe kömegi hem berilmeýär. Şol zenanlaryň aglabasy öý hojalykçy. Onsoň şol maşgalalaryň aglabasynda 10 adamyň eklenji bir adamyň – çagalary kakasynyň – girdejisine garaşly bolýar. Bu bolsa olaryň gün-güzeranyny has-da kynlaşdyrýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň welaýatlara ýygy-ýygydan sapar edýän Aşgabatdaky habarçysy anonim şertde gürrüň berdi.

Mundan öň Berdimuhamedow 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna öz adyndan pul sowgadyny bermek hakyndaky karara gol çekipdi.

27-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti manadyň hümmetiniň nähili üýtgeýändigine garamazdan, 8 ýyllap 40 manat derejesinde saklanyp gelýän pul sowgadyny şu ýyl 60 manada ýetirdi.

XS
SM
MD
LG