Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Goňşym Migrasiýa gullugynyň bir işgärine tanyş üsti bilen 1.100 dollar para berip ýurtdan çykdy’


Illýustrasia suraty. Aşgabadyň aeroporty.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy raýatlaryň ýurda erkin girip çykmagyny berk gözegçilikde saklaýar.

Munuň bilen baglylykda, käbir raýatlaryň, sebäbi düşündirilmezden, ýurtdan çykarylmaýandygy barada şikaýataryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Bu habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosyna gelip gowşan hatda aýdylmagyna görä, türkmenistanly bir gelin ýanwaryň başyndan bäri üç sapar ýurtdan çykmaga synanyşýar. Hatyň mazmunynda aýdylmagyna görä, Aşgabadyň Halkara aeroportunda Migrasiýa gullugynyň işgärleri her saparynda onuň ýoluny baglaýar, ýurtdan çykmagyna rugsat bermeýär. Ol martyň başynda Migrasiýa gullugynyň bir işgärine köp mukdarda para berip, ýurtdan çykmagy başarýar. Bu barada wakany başdan geçiren gelniň goňşusy Azatlyk Radiosyna 7-nji martda iberen hatynda gürrüň berdi.

Okyjy iberen hatynda wakany başdan geçiren gelniň adyny, onuň we özüniň ýaşaýan ýerini aýan etmekden saklanýar. Goňşusynyň sözlerine görä, ýurtdan para berip çykan gelin Aşgabatdan Stambula gitmek üçin ilkibaşda iki aýlap paýtagtyň aeroportuna barýar.

“Goňşym 2 aý bäri Aşgabadyň aeroportundan yzyna gaýtarylýardy” diýip, okyjy hatynda ýazýar.

“Eýýäm üç gezek bilet yzyna tabşyrylypdy” diýip, ol gürrüňe dowam edýär.

Migrasiýa gullugynyň işgärleri üç saparda-da gürrüňi edilýän raýatyň ýurtdan çykmagyna rugsat bermeýär.

Onuň goňşysynyň maglumatyna görä, ähli synanyşyklary başa barmadyk gelin, ahyrsoňy, daýzasynyň üsti bilen Aşgabadyň şäher Migrasiýa gullugyndan tanyş tapmaly bolýar.

Okyjynyň hatynda aýdylmagyna görä, ýoly baglanan gelin Migrasiýa gullugynyň işgärine 1.100 dollar para berýär. Bu mukdar täze manatda 20 müň manat, il arasynda giňden ulanylýan köne manatda 100 million manat bolýar.

Parany alan Migrasiýa gullugynyň işgäri oňa haçan, sagat näçede, haýsy reýse bilet almalydygyny tabşyrýar. Ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döredilen raýat aýdylany edýär, aýdylan güne we sagada bilet alýar. Şeýlelikde, martyň başynda ýurtdan çykmagy başarýar.

Onuň goňşusy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda ýurtda giň ýaýran para we korrupsiýadan şikaýat edýär, ýurtdan çykmagy başaran goňşusynyň häzirki wagtda Stambulda iş gözleýändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy bilen habarlaşyp, waka boýunça nähilidir bir derňew işiniň gozgalandygy ýa däldigi barada maglumat almak mümkin däl.

Türkmenistanyň gazanç gözleginde daşary ýurtlara çykýan raýatlarynyň arasynda, daşarda-da dürli kynçylyklara sezewar bolýan raýatlara duş gelse bolýar.

6-njy martda Azatlyk Radiosy bilen hem telefon arkaly, hem elektron hat üsti bilen habarlaşan türkmenistanly Bagtygül ýurtdan iş gözleginde Türkiýä gaýdandygyny, ýöne dokumentler bilen bagly problemalar sebäpli Türkiýeden çykyp gaýdyp, Türkmenistana dolanmazlyk üçin, martyň başyndan bäri Bakuwyň aerportynda kösenýändigini habar beripdi.

Ýurtda ykdysady kynçylyklaryň agyrlaşmagy bilen, gazanç gözleginde ýurt raýatlary, gelip gowuşýan habarlara görä, köpçülikleýin ýurdy terk etmäge synanyşýar. Ýöne häkimiýetler olaryň erkin ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döredýär.

“Meniň [gyz] doganymyň deporty ýok. Emma sebäbini düşündirmezden [Migrasiýa gullugynyň işgärleri ony Aşgabadyň aerportundan] yzyna gaýtarýar. Türkmenistandna çykarmaýar. Adamsy Türkiýä gitdi. Özüni ýurtdan goýbermeýärler. Siz kömek edip bilmeýäňizmi?” diýip, beýleki bir okyjy 7-nji mart güni Azatlyk Radiosyna iberen hatynda ýazýar. Ýollary baglanýan raýatlar çykalga gözleýär, kömek soraýar.

Azatlyk Radiosy ýurt raýatlarynyň bu meselede duçar bolýan kynçylyklary barada, ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlaryň esasynda, yzygiderli habar berip gelýär.

Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan şeýle problemalaryny resmi derejede boýun almaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG