Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada okaýan türkmenistanly studentler VISA kartlaryndan pul nagtlaşdyryp bilmeýär, olar kösenýär


Illýustrasiýa suraty. Täjigistandaky türkmen talyplary

Russiýada bilim alýan türkmenistanly studentler türkmen banklaryndan berlen kartlaryndaky maliýe serişdelerini 2 aý bäri düýbünden nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini habar berýärler.

Munuň netijesinde olar dürli kösençlikleri başdan geçirýärler. Bular barada Russiýada okaýan studentleriň birnäçesi Azatlyk Radiosyna 14-nji martda habar berdi.

“Eýýäm iki aý bäri kartdan pul alyp bilemizok. Biz, Russiýada okaýan studentler näme etjegimizi bilemizok. Bu kart bilen çörek satyn alyp bolanok. Umumy ýaşaýyş jaýyna bolan bergimiz tölenmäni dur” diýip, studenleriň adyndan ugradylan hatyň awtory aýdýar.

Olar ýaşamak üçin okuwyň gapdalyndan işlemäge mejbur bolýandyklaryny, ýöne işlän ýagdaýlarynda-da sapaklaryna ýetişip bilmeýändiklerini aýdýarlar. “Iş hem tapdyryp baranok, dokument soraýarlar, ýagdaýymyz kyn” diýip, türkmenistanly student aýdýar.

“Meniň okaýan ýerimde ähli türkmenistanly studentler, şolaryň hatarynda meniň özüm, şeýle kynçylyklary başdan geçirýäris. Biziň ene-atalarymyzyň ugradan pullaryny bank bermeýär. Bu kanuna laýyk däl ahyryn” diýip, student şikaýat edýär.

Türkmenistanda häkimiýetler türkmen banklarynyň raýatlara beren kartlaryndan daşary ýurtlarda nagtlaşdyryp bolýan maliýe serişdeleriniň möçberini, soňky iki ýylyň dowamynda telim gezek azaltmaga mejbur boldy. Bu ýagdaý hususan-da daşary ýurtlarda okaýan studentlere täsir etdi. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şetleri ýaramazlaşdy.

Russiýada okaýan student Azatlyga iberen hatynda ýüze çykan problema bilen baglylykda özleriniň Türkmenistanyň banklaryna jaň edýändiklerini, ýöne olaryň şikaýatlara asla jogap bermeýändiklerini aýdýar.

Türkmenistanda döwlete degişli “Türkmenbaşy”, “Türkmenistan”, “Daýhanbank”, “Halkbank” atly döwlet täjirçilik banklary, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, şeýle-de, “Senagat”, “Rysgal” we “Türkmen-türk” paýdarlar täjirçilik banklary hereket edýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň binýadynda ýerleşýär.

Türkmenistanda Visa we MasterCard halkara töleg kartlary döwlete degişli banklardan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan berilýär.

Russiýada okaýan talyp hatyna dowam edip, “Kartlardan çekilýän puluň limitiniň 5.000 rubla düşürilendigi aýdylýar, ýöne bankomatlar häzirki wagtda bize ýeke köpük-de berenok. 5.000 rubl bilen Russiýada bir aý ýaşap bolmaýar, biz umumyş ýaşaýyş jaýy üçin tölemeli, iýip-içmeli, özümize hiç zat galmaýar, ene-atalarymyz Western Union arkaly hem ugradyp bilenoklar, ol ýerde nobata ýazylan müňlerçe adam bar diýýärler” diýip, student hatynda aýdýar.

Studentiň aýdýan 5.000 rus rubly amerikan dollarynda 70 dollara barabar bolýar.

Azatlygyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy 7-nji martda ugradan maglumatynda ogly Russiýada okaýan bir tanşynyň sözlerine salgylanyp, Visa kartlaryň üsti bilen nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberiniň 100 dollara düşürilendigini, ýöne onuň 30 dollarynyň hyzmatlar üçin tutulyp galýandygyny, studentiň eline 70 dollar alyp bilýändigini habar beripdi.

6-njy martda Azatlyga hat ugradan Täjigistandaky türkmen talyplary özleriniň Türmkenistanyň banklaryndan berlen Visa kartlaryndan 80 dollardan köp pul nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini habar berdi.

Fewralyň aýagynda ýurt içinden habar ugradan beýleki bir habarçymyz Western Union tiz pul geçirim hyzmaty arkaly daşary ýurtlarda okaýan studentleriň Türkmenistandaky ene-atalarynyň aýda olara 200 dollar möçberinde pul ugradyp bilýändiklerini habar beripdi.

Turkmen.news habar saýty hem 5-nji martda bu barada habar berip, 1-nji martdan başlap studentlere Western Union arkaly iberilýän puluň möçberiniň 480 dollardan 200 dollara düşürilendigini habar berdi.

Ýöne ony ugratmak üçin nobata ýazylmaly. Lebabyň Türkmenabat şäherindeki “Türkmenbaşy” hem-de “Senagat” banklarynyň işgärleriniň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda diňe maý aýynda iýun-iýul aýlary üçin nobata ýazylmaga mümkinçilik bar.

Daşary ýurtlardaky türkmenistanly studentleriň türkmen banklaryndan berlen Visa kartlary arkaly maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmagy bilen bagly duçar bolýan kynçylyklary barada ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri habar bermeýär. Degişli bank resmileri hem bu barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG