Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Western Union arkaly Türkmenistandan daşary ýurda pul ugratmak üçin telefon üsti bilen nobata ýazylmaly


Türkmenistanda admalar daşary ýurtlara pul ugratmak üçin nobata ýazylýar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Türkmenistanda admalar daşary ýurtlara pul ugratmak üçin nobata ýazylýar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Lebaply ene-atalar daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna maliýe serişdelerini Western Union arkaly ugratmak üçin telefon üsti bilen banklaryň şahamçylarynda nobata ýazylmaly. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy habar berýär.

Azatlygyň regiondaky çeşmesiniň maglumatyna görä, häzirki wagtda telefon üsti bilen Western Union ulgamynda nobata ýazylmak üçin ähli orunlar eýýäm eýeli bolup, indiki nobata ýazylmak tapgyry maý aýynda açylýar. Çeşme Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyndaky hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankyndaky iki işgäriň sözlerine salgylanyp, häzirki wagtda nobata ýazylmagyň mümkin däldigini, çen bilen iýun iýul aýlary üçin diňe maý aýynda nobata ýazylşygyň açylýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçysy 25-nji fewralda iberen maglumatynda nobata ýazylmak işini guramak üçin bank işgärleriniň käbirleriniň para alýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, nobata binobat goşulmak üçin 500-600 manat möçberinde para bermeli.

Türkmen banklarynda telefon arkaly nobata ýazylmak barada asylan bildiriş
Türkmen banklarynda telefon arkaly nobata ýazylmak barada asylan bildiriş

“Türkmenbaşy” hem-de “Senagat” täjirçilik banklaryndaky bank işgärleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermeklerine görä, daşary ýurtlardaky studentleriň ene-atalarynyň her haýsysyna aýratynlykda aýda bir gezek 100 dollar, ýagny jemi 200 dollar möçberinde Western Union arkaly pul geçirmäge rugsat berilýär. 100 dollar üçin geçirim ulgamynyň hyzmatyna degişli 5 dollar hem-de muňa goşmaça hökmünde döwlet salgydy diýip, 2 manat 60 teňňe tutum tutulýar.

Geçirim hyzmatyndan peýdalanmak üçin pul iberiji ene-atalardan studentiň okaýan okuw jaýyndan güwähat talap edilýär. Şeýle-de ene-atalardan bankyň şahamçasyna tabşyrmak üçin, öz ýaşaýan ýerlerinden güwähat soralýar.

Habarçy Lebap welaýatynyň çäginde Western Union hyzmatyny hödürleýän banklaryň şahamçalarynyň telefon belgileri ýazylan bildirişiň suratyny Azatlyk Radiosyna ugratdy.

Bildirişlerden mälim bolşuna görä, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň Türkmenabat, Seýdi, Magdanly, Gazojak, Garlyk şäherlerindäki şahamçalarynda we Lebap şahamçasynda, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabat hem-de Lebap şahamçalarynda, şeýle-de “Türkmen-Türk” täjirçilik bankynyň Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerindäki şahamçalarynda telefon arkaly nobata ýazylmaga mümkinçilik döredilýär. Bildirişde bank şahamçalarynyň nobata ýazylmak üçin telefon belgileri hödürlenýär.

Lebap welaýatynda Western Union arkaly pul geçirmäge nobata ýazylmak işleri 2018-nji ýylyň 10-njy dekabrdan başlap ýola goýuldy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bank işgärleri nobata ýazylmak bilen bagly beýleki welaýatlardaky ýagdaýlardan özleriniň bihabardygyny aýdýarlar.

Türkmenistandanly ene-atalar hususan-da soňky bir ýyl bäri daşary ýurtlarda okaýan student ogul-gyzlaryna maliýe serişdelerini ugratmakda ýiti kynçylyklara sezewar bolýar.

2018-nji ýylyň ýanwarynda Azatlyk Radiosyna Lebap welaýatynda ýerleşýän bir bankyň öňünde daşary ýurtlara pul geçirmek isleýän ýaşaýjylaryň uzyn nobatyny görkezýän wideo gelip gowşupdy.

Lebapda bankyň öňündäki nobatlarda dawa ýüze çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:28 0:00

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Daşoguz şäherinde Western Union halkara pul geçirim hyzmatyndan peýdalanmak isleýän raýatlaryň banklardaky nobatyny žetonlar arkaly guramalaşdyrdak düzgüni girizildi.

Türkmenistan soňky iki ýyl bäri ýurdu çäginde walýuta dolanşygyny çäklendirensoň, onuň gara bazary döredi. Türkmenistanyň Merkezi Banky dollaryň resmi bahasyny 3.5 manatlygynda saklaýar, ýöne onuň gara bazardaky bahasy resmi kursdan tas 5 esse gymmatlady.

Fewralyň başynda türkmen häkimiýetleriniň şu ýyl gyşky kanikula ýurda dolanan türkmenistanly studentleriň Aşgabatdan yzyna goýberilmeýändigi barada habarlar gelip gowuşdy.

Şonda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bu çäreleriň sebäpleriniň hatarynda, häkimiýetleriň gyşky kanikula baran türkmenistanly studentleri ýurtdan goýbermezlik bilen, ýurduň daşyna çykýan walýutanyň mukdaryny azaltmagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň 2018-nji ýyl üçin ýaýradan Ösüş hasabatyna görä, Türkmenistana daşary ýurtlardan gelip okaýan studentleriň sany bilen Türkmenistandan daşary ýurda çykyp bilim alýanlaryň gatnaşygy 2017-nji ýylda 107 % azaldy.

Daşary ýurtda okamaga isleg bildirýän türkmenistanly ýaşlar esasan Türkiýede, Russiýada we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza käbir ýurtlarda bilim almagy saýlap alýar.

XS
SM
MD
LG