Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda öýsüz jandarlary ýene zäherleýärler


Aşgabadyň köçelerindäki öýsüz jandarlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň köçe süpüriji işgärleri Aşgabadyň etrapçalaryna kilka balygynyň we şöhlat önümleriniň zäherlenen bölejiklerini oklap, öýsüz jandarlary zäherleýärler we tutýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri aýdýar.

“Öýsüz, idegsiz janawarlaryň köpçülikleýin ýok edilmegi amal edilýär. Maňa şu gün irden başga etrapçalarda ýaşaýan tanyşlarym jaň edip, Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň köçe süpüriji işgärleriniň diňe zir-zibil zyňylýan gutularyň golaýyna däl, eýse ýaşaýyş jaýlarynyň golaýyna-da zäherli balyklary we kolbasalary oklaýandygyny aýtdylar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 18-nji martda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, idegsiz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin zäherlenmegi bilen bagly ýagdaý 17-nji martda 30-njy mikroraýonda hem ýüze çykypdyr. Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň köçe süpüriji işgärleri bu ýerdäki zäherlenen pişikleri öz wagtynda ýygnap ýetişmändirler.

Öýsüz haýwanlary goraýan we olara ideg edýän aşgabatly ýaşaýjylaryň biri özüniň ýaşaýan jaýynyň golaýynda birnäçe ite iým berýändigini we her gün irden olaryň öldürilendigini ýa-da öldürilmändigini alada edip oýanýandygyny aýdýar.

“Jaýymyň golaýynda üç sany it bar. Olaryň ikisi – är-aýal – soňky dört ýylyň dowamynda aman galmagy başardy. Her gezeginde olary öldürmäge geldilermikä diýip pikir edýärin. Men hemişelik gorkuda ýaşaýaryn” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabadyň häkimiýetleri idegsiz haýwanlary uly baýramçylyklaryň öňýanynda awlaýardylar. Ýöne 2019-njy ýylyň başyndan bäri olar itleri we pişikleri gündeki esasda zäherläp we awlap başladylar.

21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň häkimiýetleriniň itleri we pişikleri awlamak boýunça işlerini güýçlendirendigini we bu işi ýerine ýetirýänleriň häzirki wagtda diňe bir idegsiz ýören itleri we pişikleri köçelerden ýygnamak bilen çäklenmän, öýlerde ýaşaýan haýwanlary hem tutmaga ýol gözleýändigini we alyp gidýändigini habar berdiler.

Bu habarlaryň fonunda, döwlet eýeçiligindäki media türkmen häkimiýetleriniň öý haýwanlarynyň saklanylýan ýerlerini dünýä ölçeglerine laýyk gurnamak, bu ugurdaky iň gowy tejribeleri öwrenmek hem-de ornaşdyrmak kararyna gelendigini mälim etdi.

Şunuň bilen baglylykda, 15-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öý haýwanlary üçin ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahanasyny gurmak teklibi orta atyldy. Şonda prezident bu hassahana jandarlary goraýjylaryň we meýletinçileriň hem serişde berip biljekdigini aýtdy.

Munuň yzýany, Türkmenistanyň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky öýsüz haýwanlar üçin pul toplaýandygyny yglan etdi. 19-njy fewralda döwlet metbugatynda çap edilen bildirişde bankyň haýwanlar üçin penahanaly keselhananyň döredilmegini goldamak üçin ýörite hasap açýandygy aýdyldy.

Aradan sekiz gün geçensoň, Türkmenistanyň döwlet metbugaty banka salgylanyp, “26-njy fewralda hasaba eýýäm 220 müň 105 manat toplandy, şeýdip, jemgyýet asylly başlangyçlary goldaýar” diýip, habar berdi.

Munuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet we hökümetçi habar serişdeleri ýurtda öýsüz haýwanlar babatyndaky rehimsizligiň aýra ýagdaýlary, bu meselede döwletiň we käbir raýatlaryň rehim-şepagaty barada makalalary çap edip başlady.

“Orient” neşriniň 9 martda çap eden maglumatynda öýsüz haýwanlaryň “adamlaryň bilip ýa-da bilmän döredýän ýagdaýlarynyň pidasydygy” bellenilýär we olar babatyndaky rehimsizlige döwletiň däl-de, raýatlaryň jogapkärdigi öňe sürülýär.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy ýa-da zäherlenmegi hökümetiň resmi permanynyň esasynda, ýurduň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň işgärleri tarapyndan guramaçylykly görnüşde alnyp barylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG