Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet habar serişdeleri raýatlary haýwanlar babatynda rehim-şepagata çagyrýar


Aşgabat (arhiw suraty)
Aşgabat (arhiw suraty)

Aşgabatda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin awlanýandygy barada haýwanlary goraýjylaryň we garaşsyz media serişdeleriniň yzygiderli habarlarynyň fonunda Türkmenistanyň döwlet we hökümetçi habar serişdeleri ýurtda öýsüz haýwanlar babatyndaky rehimsizligiň aýra ýagdaýlary, bu meselede döwletiň we käbir raýatlaryň rehim-şepagaty barada makalalary çap edip başlady.

Bu maglumatlarda öýsüz haýwanlar babatyndaky rehimsizlige döwletiň däl-de, raýatlaryň jogapkärdigi öňe sürülýär.

Türkmen paýtagtynyň häkimiýetleri öň idegsiz haýwanlary uly baýramçylyklaryň öňýany awlaýan bolsalar, şu ýylyň başyndan bäri itleri we pişikleri gündeki esasda rehimsizlik bilen awlap, ýok edip başladylar.

Hökümetçi "Orient" neşriniň 9 martda çap eden maglumatynda öýsüz haýwanlaryň "adamlaryň bilip ýa-da bilmän döredýän ýagdaýlarynyň pidasydygyny" belleýär.

"Elbetde hiç kim öz itine ýa-da pişigine azar bermez we ony aç saklamaz. Adatça, adamlar öz gaharyny iýmit gözläp, hapa taşlanýan gutularyň golaýynda jemlenýän we öz ykmanda durmuşy bilen adamlara belli bir howp döredýän öýsüz haýwanlardan çykarýarlar" diýip, hökümetçi neşir ýazýar.

"Türkmenistan Altyn Asyr" döwlet neşriniň maglumatynda öz eýesi tarapyndan taşlanyp, ysmaz bolan, emma soň täze bir maşgala alnan itiň bagtly durmuşy barada gürrüň berilýär.

​"Orient" neşri öýsüz haýwanlar meselesiniň Türkmenistanda uly mesele bolup durýandygyny belleýär we hut şonuň çözgüdi üçin ýurtda ýöriteleşdirilen keselhananyň we penahananyň döredilýändigini habar berýär.

"Aslyýetinde döwlet biziň ýalňyşlarymyzy düzedýär, biziň doň ýürekliligimizi" diýip hökümetçi neşir öz maglumatynda aýdýar we "öz jogapkärçiligini unudan" raýatlaryň jogapkärçiligini hökümetiň öz üstüne alýandygyny belleýär.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda itleriň we pişikleriň awlanmagy hökümetiň resmi permanynyň esasynda, şäheriň jemagat gulluklarynyň işgärleri, şeýle-de soňky ýyllarda ýörite döredilen gullugyň wekilleri tarapyndan guramaçylykly görnüşde alnyp barylýar.

Türkmen hökümetiniň öýsüz haýwanlar meselesine üns berip başlamagy Aşgabatda itleriň we pişikleriň yzygiderli görnüşde köpçülikleýin awlanmagy, rehimsizlik bilen öldürilmegi barada Azatlyk Radiosynyň we garaşsyz habar çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna gabat geldi.

16-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti ýurtda öýsüz haýwanlar üçin ilkinji hassahanany we onuň ýanynda penahana döretmek planlaryny yglan etdi.

​Munuň yzýany häkimiýetler döwletiň hasabyna gurmagy wada beren hassahana üçin raýatlardan we telekeçilerden pul toplanyp başlanandygyny habar berdiler. Haýwanlary goraýjylar bolsa häkimiýetleriň Çoganlydaky ýeke-täk penahanany ýok etmek planlaryna aladalanma bildirdiler.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, 5-nji martda Çoganlynyň gonamçylygynda onlarça it we pişik öldürildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG