Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly sürüjilere ulaglaryna dürli reňkdäki diskleri oturtmak gadagan edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri awtoulag eýeleri üçin täze gadaganlyk girizdiler. Mundan beýläk sürüjilere öz awtoulaglaryna dürli reňkdäki diskleri oturtmaga rugsat berilmez. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň 21-nji martda beren maglumatyna görä, indi aşgabatly awtoulag eýeleri diňe kümüşsöw reňkli diskleri ulanyp. Hatda ak ýa-da garamtyl, çal diskler hem ulanylyp bilinmez.

“Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri başga reňkdäki diskleri bolan awtoulaglary saklap, sürüjilerden ulagyň guratlyk hatyny alýarlar we olary tehniki gözegçilikden geçmäge iberýärler. Sürüji ulagyň disklerini reňkletýänçä ýa-da başga diskleri oturtýança, onuň dokumentleri yzyna berilmeýär” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, habarda bu gadagançylyk sebäpli awtoulaglar üçin tehniki hyzmatlary hödürleýän nokatlarda eýýäm uzyn nobatlaryň dörändigi hem bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, Toyota, Lexus, Mercedes markalarynyň soňky ýyllarda (2017-2019) öndürilen awtoulaglarynyň köpüsi zawoddan çykarylanda eýýäm gara reňkli diskler bilen müşderä hödürlenýär. Bu awtosalonlardan satyn alnan täze ulaglaryň hem täze talaba gabat gelmeýändigini aňladýar.

“Häzir iň gowusy hususy awtoulagyň düýpden bolmazlygy” diýip, neşir paýtagtyň ýaşaýjylarynyň biriniň sözlerini sitirleýär.

Aşgabatly awtoulag eýelerinden edilýän bu täze talaby Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy hem tassyklaýar. Ýöne Azatlyk Radiosyna bu barada jikme-jik maglumat almak häzirlikçe başartmady.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ilatyň hususy awtoulaglary bilen bagly yzygiderli çäklendirmeleri we gadagançylyklary girizýär. Olaryň arasynda hususy eýeçilikdäki ulaglaryň diňe ak, çal ýa-da açyk reňklerde bolmalydygy, il içinde “owadan nomerler” diýlip atlandyrylýan, öňi 77-lik bilen başlanýan awtoulag belgileriniň döwlet tarapyndan ýygnalyp alynmagy, könelişen ulaglaryň duralgalarda goýulmagyna gadagançylyk girizilmegi ýaly çäklendirmeler bar.

Fewral aýynyň ortalaryndan başlap, Aşgabadyň häkimiýetleri gara we garamtyl reňkdäki ulaglary saklamak çäreleriniň depgini gaýtadan güýçlendirdiler.

20-nji fewralda Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy PÝGG-niň işgärleriniň garamtyl reňkli ulag eýeleriniň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýandygyny we tä ulaglar ak reňke boýadylýança olaryň yzyna berilmeýändigini habar berdi.

Galyberse-de, geçen aýdan başlap Aşgabadyň häkimiýetleri zenan sürüjileriň ulag hereketini çäklendirmek çärelerini hem gaýtadan güýçlendirdiler. Ýöne Azatlygyň habarçylary bu çäklendirmelerde sürüji zenanlaryň “ala tutulýandygyny” hem aýtdylar.

“Aşgabadyň köçelerinde zenan sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalary ellerinden alynýan mahaly, hökümete degişli edara-kärhanalarda işleýän aýal-gyzlaryň ulag sürmegine çäklendirme girizilmeýär. Olar özleriniň işleýän ýerinden berlen güwänamany görkezse, PÝGG-niň işgärleri olary goýberýärler” diýip, habarçy 18-nji martda gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýokarda gürrüňi edilýän çäklendirmeler we gadagançylyklar barada resmi taýdan çykyş etmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda-da ne mesele gozgalýar, ne-de awtoulag eýeleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada gürrüň edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG